Maý aýynyň ortalarynda Kaliforniýanyň Alameda şäheriniň ýaşaýjysy
Solomon Leýwa adaty bolmadyk zatlaryň höwesjeňlerine sowgat bermek kararyna
geldi we taşlanan ýangyç bekedinde dünýäde gabat gelýän iň seýrek we iň uly
gülüň sergisini gurady.
Bu "Maslyk güli" diýlip atlandyrylýan, amorphophallus titanum ösümlüginiň
ullakan köki bolýar we her on ýylda bir gezek gülleýär. Bu ösümlik gaty seýrek we
adatça diňe botanika baglarynda görüp bolýar. Ýöne gülleýän pursadyny görmek
mümkinçiligi hakyky şowlulykdyr.
Bu ösümligiň eýesi, onuň köküniň yeterlik derejede uly we güýçli bolan
ýagdaýynda gülleýändigini gürrüň berdi.Käwagt gülüň emele gelmegi üçin 20 ýyla
çenli wagt gerek bolup biler.
Leýwanyň güli häzir 18 ýaşynda,ol oňa Brunhilda diýip at dakdy. Bagban, bu
güliň güllemegine, haýranlygyny we şatlygyny beýleki adamlar bilen paýlaşmak
isleýändigini, şonuň üçin ösümligi sergä goýandygyny belledi. KGO-TW-iň
habaryna görä, her bir isleg bildiren (olaryň müňden gowragy bardy) gülüň
ýanynda tomaşa edip, ysyny alyp, elläp görüp we surata düşüp bilýärdi.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Ýüzlerçe adam seýrek hem-de äpet güli görmek üçin Kaliforniýa geldiler
Ýüzlerçe adam seýrek hem-de äpet güli görmek üçin Kaliforniýa geldiler
