Wenesiýa şäheriniň muzeýleri gaýtadan işläp başlady, mundan başgada,
şäherde köpçülikleýin çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär,bu barada Italiýanyň milli
syýahatçylyk gullugy (ENIT)habar berýär.
Gurama aprel aýynyň ahyryndan bäri Weneto sebitiniň "sary", ýagny
koronawirus taýdan howply däl zona hasaplanýandygyny aýdyňlaşdyrýar.
Doge köşgi we Korrer muzeýi her gün açyk, beýlekiler anna gününden
ýekşenbe güni aralykda işleýärker (Ka-Ressoniko, Ka-Pezaro Mosenigo köşkleri,
şeýle hem Tebigat taryhy muzeýi, aýna muzeýi, tor nagyşlary muzeýi, Karlo
Goldoni öý muzeýi).
Gezelençler üçin www.visitmuve.it sahypasynda biletleri öňünden bronlamak
ýa-da onlaýn satyn almak maslahat berilýär.
Wenesiýanyň muzeýleri açylýar
