Koronawirus keseliniň gaýtadan ýokaşma hadysalary seýrek, ýöne, şeýle-de
bolsa ikinji gezek ýokaşyp bilýän hassalar kategoriýasy bar diýip, RUDN
uniwersitetiniň ýokanç keseller kafedrasynyň dosenti Sergeý Woznesenskiý habar
berdi.
"Bu immunitet ýetmezçiligi bilen baglanyşykly adamlarda ýa-da nädogry
geçirilen sanjymlaryň shemasy ýa-da başga hroniki keselleri bolan adamlarda
bolýar" -diýip ol düşündirdi.
Hünärmeniň sözlerine görä, gorag immuniteti ýok COVID-19 ştammynyň
ýüze çykmagy barada gürleşmek entek ir.
Ýokanç kesel hünärmeni kimiň COVID-19 bilen gaýtadan keselläp biljekdigini aýtdy
