Ynsan saglygyny goramakda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti uludyr.
Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda kadaly gün tertibiniň ähmiýeti örän
uludyr. Kadaly gün tertibi her ýaş üçin we ýerine ýetirilýän işe baglylykda aýry-
aýry düzülmeli. Şunda kadaly iýmitlenmäge uly üns bermeli.
Kadaly iýmitlenmek diýip günüň dowamynda bedeniň kadaly işjeňligi üçin gerek
bolan maddalaryň öwezini dolmaga ukyply bolan iýmit önümleriniň toplumyna
aýdylýar.
Yssy howa şertlerinde kadaly gün tertibine laýyklykda, hökmany suratda
mineral maddalara we witaminlere baý bolan gök önümleri ulanmaklyk we
şonuňbilen bir hatarda hem bedeni gerek bolan suw bilen üpjün etmek
derwaýysdyr.
Yssy howa şertlerinde bedenden derlemek arkaly suw we mikroelementler
bölünip çykýar. Şonuňüçin hem howanyň yssy wagty mineral bilen baýlaşdyrylan
dürli içgileri, miwe şirelerini, gök çaýy, süýt önümlerini içmeklik peýdalydyr.
Yssyda gezim edilenden soňra mineral bilen baýlaşdyrylan suwuň içine bir bölek
limon atylyp içilse, bedeniň işjeňligi üçin gerek bolan С witamininiň we
mikroelementleriň öwezini dolmaga ýardam berýär.
Şu ýerde ynsan bedeni üçin peýdaly içgiler dogrusynda durup geçeliň:
Halkymyzyň gündelik durmuşyny gök çaýsyz göz öňüne getirmek mümkin däl.
Gök çaý beden işjeňliginde emele gelen, beden üçin zyýanly bolan aram
birleşmeleri aradan aýyrýar, antioksidant häsiýete eýe bolup durýar. Şeýle hem
teşneligiňi gandyrmakda örän ähmiýetli.