Günorta Amerika Futbol Konfederasiýasynyň (KONMEBOL) web
sahypasyndaky habara görä Amerikanyň futbol boýunça Kubogyň soňky oýny 10-
njy iýulda Rio-de-Žaneýroda "Marakana" stadionynda geçiriler.
Bu ýaryş 13-nji iýundan 10-njy iýul aralygynda Braziliýada geçiriler. Açylyş
oýnunda ýaryşyň eýeleri Wenesuelanyň topary bilen ýurduň paýtagty Braziliýanyň
Garrinçi atly stadionynda oýnar. Amerikanyň kubogynyň ýarym finaly degişlilikde
Rio-de-Žaneýrodaky Nilton Santos stadionynda we Garrinçi arenasynda 5-nji we
6-njy iýulda geçiriler. Üçünji ýer ugrundaky oýun hem 9-njy iýulda Braziliýada
oýnalar.
Amerikanyň kubogy Kolumbiýada we Argentinada geçirilmelidi. Maý aýynda
KONMEBOL Kolumbiýany ýurtda bolup geçen köpçülikleýin protestler sebäpli
çäräni geçirmek hukugyndan mahrum etdi. Soň bolsaý, KONMEBOL
epidemiologiki ýagdaý sebäpli ýaryşdan mahrum edilen, Argentinanyň ýerine
2021-nji ýylda geçiriljek Amerikanyň kubogyny kabul edýän ýurt Braziliýa
boljakdygyny mälim etdi.