ATOR-yň habaryna görä, Dominikana Respublikasynda syýahatçylyk
pudagynda işleýän ähli işgärlere sanjym edildi. Dominikana kurortlarynda dynç
almak howpsuzdyr diýip respublikanyň syýahatçylyk baradaky ministrligi habar
berýär. Kesel derejesi pese düşdi we nola golaýlaýar.
Ýurtda syýahatçylyk pudagynyň işgärleriniň 100 göterimine sanjym edildi
we myhmanlar üçin 2021-nji ýylyň 30-njy iýulyna çenli mugt COVID-19 saglyk
ätiýaçlandyryş maksatnamasy hereket eder.
Syýahatçylyk ministrligi ýurda girmek üçin negatiw PSR barlagynyň
netijesini görkezmegiň zerur däldigini ýatlatdy: munuň ýerine ýolagçylara saýlama
barlaglara geçiriler.
Syýahatçylyk bölümi, şeýle hem, pudagyň 2020-nji ýylyň dekabryndan bäri
işjeň ýagdaýda dikelýdilýändigini habar berdi. Aeroportlar dünýäniň 500-den
gowrak şäherinden syýahatçylary kabul edýär.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Dominikana respublikasy Latyn Amerika ýurtlarynyň arasynda howpsuz syýahatçylygyň lideri boldy
Dominikana respublikasy Latyn Amerika ýurtlarynyň arasynda howpsuz syýahatçylygyň lideri boldy
