Dragon ýük daşaýjy kosmos gämisi, Halkara kosmos stansiýasyna (ISS)
awtomatiki usulda birleşdi, NASA ol ýer bilen göni ýaýlym alyp barýar.
Falcon 9 kysymly raketa – göteriji 3-nji iýunda Kanaweral uçuş
meýdançasyndan (Florida) Dragon kosmos gämisini ýük daşamak wezipesi bilen
işe girizdi.
Dragon kosmos gämisiniň şenbe güni takmynan 5.09 Demirgazyk-Amerika
gündogar wagty bilen HKS-na birikdi diýip, NASA habar berdi.
Gämi stansiýa 3,3 tonna ýük getirdi, beýleki zatlar bilen bir hatarda täze gün
panellerini hem getirdi.
Raketa-göteriji we kosmos gämisi, NASA bilen şertnama boýunça ýükleri we
ekipažy HKS-na gatnadýan hususy SpaceX kompaniýasyna degişlidir.