Stambulyň günortasyndaky Mermer deňzi ýakymsyz goýulykdaky nem bilen
örtüldi. Ol dekabr aýynda peýda bolup başlady we iýun aýynyň başynda äpet
ululyklara ýetdi.
Reýter habar gullugynyň habaryna görä, belokdan, uglewodlardan we
mikroskopik suwotulardan düzülen bu ýalpaklyk deňiz gämilerine balyk
tutmaklyga päsgel berýär we kislorodyň suwa girmekligine päsgel berýänligi
sebäpli deňiz ýaşaýjylaryny öldürýär.
Mermer deňzindäki bu ýalpaklygy, alymlar ilkinji gezek 2007-nji ýylda
gördüler, ýöne ol şu ýyla çenli beýle köp bolmady we çynlakaý mesele döretmedi.
Hünärmenleriň sözlerine görä, bu madda kem-kemden deňiz düýbüne çümýär we
deňiz merjenlerini örtüp olaryň ýok edýär. Häzirki wagtda deňiz ýalpaklygynyň 30
metr çuňluga çenli suwy doldurandygy habar berildi.
Alymlaryň pikiriçe, şeýle ýakymsyz we howply maddanyň döremeginiň
sebäbi howanyň üýtgemegi we deňziň akar suwlar bilen hapalanmagydyr. Häzirki
wagtda hapalanmagyň derejesine baha bermek we ýüze çykmagynyň sebäplerini
tapmak üçin deňiz ýalpaklygynyň iň köp ýygnanan ýerinde 300 sany hünärmenden
ybarat topar işleýär.