«Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde 10 megawat kuwwaty bolan
utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekedini gurmak meýilleşdirilýär.
Energetika ministri Ç.Purçekow döwlet Baştutanynyň garamagyna bekediň
şekil taslamalaryny, şeýle hem Ahal hem-de Daşoguz döwlet elektrik beketlerini
utgaşykly dolanyşyga geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň meýilnamasyny
hödürledi. Şeýle hem türkmen elektrik energiýasyny goňşy döwletlere ibermek
boýunça geçirilýän işler barada giňişleýin maglumat berildi we degişli taslamalar
görkezildi.
Bellenilişi ýaly, bu işiň geçirilmegi bilen, elektrik energiýasyny öndürmegiň
netijeliligi 34 göterimden 52 göterime çenli ýokarlanar.
«Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda
özleşdirmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň
maksatnamasyna laýyklykda, kuwwatlylygy 10 megawat bolan Gün we ýel
elektrik bekedini gurmak boýunça taslama Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň ylmy-önümçilik merkezi tarapyndan taýýarlanyldy. Utgaşykly
dolanyşykda işleýän elektrik beketleri goşmaça tebigy gazy sarp etmezden,
öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga, daşky gurşawa gidýän
zyýanly galyndylaryň mukdaryny birnäçe esse azaltmaga mümkinçilik berer.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Türkmenistanda «Altyn asyr» kölüniň çäginde utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekedi...
Türkmenistanda «Altyn asyr» kölüniň çäginde utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekedi gurlar
