Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary Ş.Abdrahmanow döwlet Baştutanyna «Türkmenbaşydaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň çig nebiti satyn almagy hakyndaky»
Kararyň taslamasyny hödürledi.
Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň dowamynda Önümi paýlaşmak
hakyndaky ylalaşyklar esasynda işleýän daşary ýurt kompaniýalaryndan 500 müň
tonna çenli çig nebiti satyn almak göz öňünde tutulýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň
durmuş-ykdysady taýdan ösüşine saldamly goşant goşmaga gönükdirilen nebitgaz
toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň bu gün möhüm wezipe bolup
durýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutany nebitgaz ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň,
innowasion esasda onuň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň, ýurdumyzda hem-de
daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň öndürilýän mukdaryny
artdyrmagyň bu ulgamyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň ileri
tutulýan ugurlarydygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Milletiň Lideri degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-
premýere iberdi we şol resminamanyň düzgünleriniň talabalaýyk ýerine
ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Türkmenistan şu ýyl 500 müň tonna çig nebiti satyn alar
