16-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) sanly ulgam arkaly geçirilen ylym we
tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy.
“Ylym, tehnologiýa we innowasiýalar: täze gözýetimler açylýar” atly onlaýn
sammite birnäçe döwletleriň Baştutanlary, bu gurama agza ýurtlaryň ugurdaş
ministrlikleriniň we beýleki degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyzyň sammitde eden çykyşynda belleýşi ýaly, bu duşuşykda
garalýan mesele maglumat tehnologiýalarynyň görlüp-eşidilmedik derejede ösen
we adamzat üçin düýpli ähmiýeti bolan ugurlarynda bilelikdäki ylmy işleri talap
edýän häzirki döwründe örän möhüm bolup durýar.
Dünýä ylmyna we medeni ösüşine bahasyna ýetip bolmajak taryhy goşant
goşan yslam dünýäsi häzirki döwürde ykdysady ösüşiň innowasion hem-de ýokary
tehnologiýaly nusgalaryna durnukly geçmek üçin raýdaş çemeleşmeleri talap
edýän ýönekeý bolmadyk döwri başdan geçirýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Munuň üçin ähli zerur zatlar — adam mümkinçiligi, baý tebigy serişdeler, ep-esli
maliýe mümkinçilikleri, amatly fiziki-geografik şertler bar.
Häzirki döwürde YHG sanalyp geçilen bu mümkinçilikleri netijeli we rejeli
ulanmak, musulman ymmatynyň ähli agzalary üçin hakyky peýda gazanmak
maksady bilen, eýýäm ençeme möhüm ädimleri ätdi. 2017-nji ýylyň sentýabrynda
ylym we tehnologiýalar boýunça ýokary derejedäki birinji sammit geçirildi.
Guramanyň 2005 — 2015-nji ýyllarda bu ugurdaky hereketleriniň onýyllyk
maksatnamasyny amala aşyrmakda belli bir netijeler gazanyldy. Bu bolsa 2026-njy
ýyla çenli ikinji maksatnamalaýyn resminamada täze wezipeleri hem-de uzak
möhletli maksatlary kesgitlemek üçin esas bolup hyzmat etdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan häzirki döwürde ýokarda görkezilen
maksatnamada ileri tutulýan wezipeleri durmuşa geçirmekde gazanylan
üstünliklere hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar
ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komitetiniň bu ugurda alyp barýan
işlerine ýokary baha berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Liderimiz Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary bolan ähli
döwletler üçin hakyky netijeleri berer ýaly bu hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan
ugurlaryny kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan özüniň milli Lideriniň baştutanlygynda sebit
we ählumumy möçberdäki, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki
işjeň hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene bir ýola tassyklady. Şeýle hem ýurdumyz
häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda, tutuş
dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmeginde,
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde işjeň orun eýeleýändigini aýan etdi.