Berhiz lukmany Dueýn Mellor kartoşkanyň peýdasy hakynda gürrüň berdi.
Onuň aýtmagyna görä, bu önümi iýmegi çäklendirmegiň hiç hili zerurlygy ýok,
sebäbi ol saglyk üçin örän peýdaly. Bu barada msn.com habar berýär.
Bu önüm, hususan-da, C witaminine baýdyr. 150 gram kartoşka bu witaminiň
gündelik zerur mukdarynyň 15%-ini öz içine alýar. Kartoşka immunitetiň işleýşine
oňyn täsir edýär we bogunlar üçin zerur bolan birleşdiriji dokumanyň döremegine
kömek edýär. Mundan başga-da, ol bedende fermentleriň işlemegi üçin peýdaly
bolan B6 witaminine baýdyr. Şeýle hem lukman kartoşkanyň nerw ulgamynyň
durnukly bolmagyna hem goşant goşýandygyny belläp geçdi.
Lukman bu önümiň ýokumy barada hem aýdyp geçdi. Ol kartoşkanyň
ýokumynyň bananyňkydan has azdygyny aýtdy we artykmaç agram almazlyk üçin
ony gaýnatmagy ýa-da buglamagy maslahat berdi.