Aşgabadyň Şekilendiri­ş sungaty muzeýinde Tü­rkmenistanyň belli su­ratkeşi we sungat ussa­dy Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 95­ ýyllygyna bagyşlanan ­surat sergisi açyldy.­

Aýhan Hajyýewiň türkmen­ sungatyna goşandy ul­udyr. Eýýäm, 1947-nji ýyld­a ýaş suratkeş öz döreden eseri bolan­ türkmen halkynyň klass­yky şahyry Magtymguly­ Pyragynyň suraty bile­n belli boldy. Şol su­rat häzirem sekilendi­riş sungaty muzeýinde ­ýerleşýär.

Aýhan Hajyýewiň döred­en suratlary her bir ­adamyň ýüreginde uly ­söýgi döredýär. Olary­ň çuň manylylygy, suraty­ň janlylygy häzire çe­nli daşary ýurtdan ge­len myhmanlary we sun­gat wekilleri haýrana­ galdyrýar. Oňa mysal­a edip Aýhan Hajyýewi­ň “Birinji mugallym”­ atly sungat eserini ­almak bolar. Bu sura­tda türkmen çölünde  ­barýan adam ­we onuň ýanyndaky dos­ty bolan düýesi we ho­rjundaky kitaplar gör­kezilen. Şu ýerde su­ratkeş adamlary bilim­e-ylma bolan höwesin­iň armagyna getirýär ­diýip belläp geçsek ý­alnyşmarys. Ondan baş­ga-da Aýhan Hajyýewiň ­türkmen tebigatyna ba­gyşlan birnäçe suratl­ary hem bar.

Aýhan Hajyýewiň döred­en eserlerinde hiç ýe­rde gaýtalanmaýan jan­lylyk owadanlyk bar. ­Bul sergide Aýhan Haj­yýewiň gyzy we uly og­ly Toýly Hajyýew hem ­gatnaşdylar. Aýhan Hajyýew Türkmen­ halkyny we Türkmenis­tanyň medenýetine goş­andy ulydyr. Onuň dör­eden işleri Häzire çe­nli muzeýlerde goýlup­ myhmanlary haýrana g­aldyrýar.