Nemes barlagçylary pasterizlenmedik süýdüň saglyga ýetirýän täsirini
öwrendiler hem-de onuň ömri gysgaldyp bilýändigine göz ýetirdiler. Şeýle hem
olar fermentlenen süýt önümleriniň beýle täsir etmeýändigini bellediler diýip,
msn.com habar berýär.
Alymlar Şwesiýanyň ýaşaýjylarynyň maglumatlaryny gözden geçirdiler,
sebäbi bu ýurt süýdi has köp derejede sarp edýän ülke hökmünde giňden tanalýar.
Barlagçylar fermentlenmedik süýdüň mTORC1 toplumyna täsir edýändigine,
netijede, ömrüň gysgalýandygyna şaýat boldular.
Şunuň bilen baglylykda, fermentlenen iýmitler mTORC1 bilen baglanyşykly
mikroRNK-a täsir edip bilýärler, berhiziň garramaga we ömrüň gysgalmagyna
täsirini peseldýärlet.
Barlagçylar pasterizirlenen süýt içmek endiginiň adamyň garramagyna we
ölümine sebäp bolup biljekdigi barada netijä geldiler. Şeýle hem alymlar süýdüň
aşa köp içilmeginiň döş mäzinde rak keselini emele getirip biljekdigini aýtdylar.
Süýdüň saglyga ýetirýän täsiri hakynda bilmeli zatlar
