Amerikaly alymlar telewizora tomaşa etmegiň netijesinde adamyň pikirleniş
ukybynyň peselýändigini subut etdiler. Bu barada Naked Science neşirine
salgylanyp, riafan.ru habar berdi.
Alymlar tarapyndan geçirilen barlaglar ortaça ýa-da köp wagtlap telewizora
tomaşa eden adamlaryň 30, 50 we 60 ýaşda pikirleniş ukybynyň peselmeginden
kösenýändigini we olaryň beýnisinde çal maddanyň azalandygyny görkezdi.
Telewizora gaty seýrek tomaşa edýänlerde welin bu ýagdaý tersine boldy.
Telewizora tomaşa etmek üçin kän bir wagt sarp etmedik 70-80 ýaşlaryndaky
synaga gatnaşyjylaryň bolsa pikirleniş ukyby peselmedi we olaryň beýnisinde çal
madda has köpdi.
Mundan başga-da, barlagçylar ýaşlarda gan aýlanyş ulgamynda
patologiýalaryň döremek töwekgelçiligine baha berdiler. Netijede, ýaşlaryň
beýnisindäki çal maddanyň göwrümi bilen telewizora tomaşa etmegiň
dowamlylygynyň arasynda hem arabaglanyşyk ýüze çykaryldy. Şeýlelik bilen,
alymlar telewizoryň uly adamlaryň beýnisine islendik ýaşda zyýanly täsir
edýändigini subut etdiler.
Telewizora uzak wagtlap tomaşa etmegiň zyýanly taraplary aýdyldy
