Russiýaly iýmitleniş hünärmeni Olga Lozowaýa haýsy iýmitleriň bedeniň
işjeňligini saklamaga we onuň ýaş görünmegine kömek edip biljekdigi barada
gürrüň berdi. Hünärmeniň maslahatlaryny pcnews.ru ýetirdi.
Lozowaýa bitin dänelerden taýýarlanan iýmitleri iýmegi maslahat berýär.
Mysal üçin, bitin däneden bişirilen çörek, bitin däne patragy ýa-da popkorn. Şeýle
hem, hünärmen arassalanan un önümlerinden gaça durmagy maslahat berýär.
Şol bir wagtyň özünde, lukman iýmitiň düzüminde beloklaryň köp
bolmalydygyny nygtady. Myşsanyň agramynyň peselmegini haýallatmak üçin ol
ýygy-ýygydan belokly iýmitleri iýmegi maslahat berdi.
Mundan başga-da hünärmen "ýaglar ýaşlygyň duşmany" diýlen ynanjy ret
etdi. Onuň pikiriçe, bu iýmit, tersine, köpräk iýilmeli. Sebäbi hoz, zeýtun, awokado
we balyk ýaly ýagly önümler horlanmaga kömek edýär.
Ýaşarmaga kömek edýän önümler hakynda aýdyldy

RU












