Pyragy sen, öwüt-nesihat etdiň,
Goşgularyň bilen many ýaýratdyň,
Bütin äleme özüňi tanatdyň,
Akyldar hem şahyrsyň sen, Pyragy.
Seniň adyň ýaňlananda şygrymda,
Adyň dünýä dolar ynsan kalbynda,
Ylham berýän ýazýan goşgularyma,
Durşuň bilen ylhamsyň sen, Pyragy.
Goşgularyň ynsanlara öwütde,
Eserleriň ölmez-ýitmez ömürde,
Adyň dünýä belli her bir döwürde,
Deňi-taýyň ýokdur seniň, Pyragy.
Gurap galar baglar şygryň diňlese,
Eräp toprak bolar daglar eşitse,
Ynsan haýran galar goşgyň okasa,
Şu derejä mynasyp sen, Pyragy.
Bu dünýäde gelen galmazmyş baky,
Hakyň nazar salan dana ynsany,
Aýtdy bize ýagşyny hem ýamany,
Ökde, ussat mugallym sen, Pyragy.
Her şygryň manysy giden bir kitap,
Goşgyň okap öwüt alsa naýynsap,
Setirleriň ynsan bagrň paralap,
Ýürekleri eredip sen, Pyragy.
Aýdanlaryň birin-birin hak bolýar,
Garry, juwan, hemme diňläp sem bolýar,
Şahyrlaryň bary saňa baş egýär,
Öňden gören welisiň sen, Pyragy.
Döwletmämmet Azadynyň perzendi,
Bu gün bolsa ulus-iliň gerçegi,
Türkmeniň guwanýan milli buýsanjy,
Ýer ýüzüne bellisiň sen, Pyragy.
Şahyr seniň waspyň edýär döwürde,
Begenýär, buýsanýar ili-güni-de,
Magtymguly diýen her bir sözümde,
Göz öňüme keşbiň gelýär, Pyragy.
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.