Awstraliýaly we Ýewropaly alymlar adaty äýnegiň üstüne çalynyp, ultra inçe
gatlak arkaly garaňkyda aýdyň görmäge mümkinçilik berýän rewalýusion
tehnologiýany döretdiler. Bu baradaky düşündirişli makala Advanced Photonics
žurnalynda neşir edilen
Awstraliýa Milli Uniwersitetiniň gözlegçileri, Italiýa, Beýik Britaniýa,
Germaniýa, Fransiýa we Bolgariýadaky kärdeşleri bilen birlikde, adam gözüne
görünmeýän infragyzyl şöhläni görünýän şekile öwrüp bilýän nanometr ölçegli
kristallara esaslanýan inçe gaty döretdiler.
Makalanyň ilkinji awtory, doktor Rosio Kamaço Morales uniwersitetiň
metbugat beýanatynda "Biz göze görünmeýänleri görüner ýaly etdik"."Ol Adamyň
saçlaryndan ýüzlerçe esse inçe nanokristallaryň inçe gatlagyny göniden-göni
äýnege çalynyp garaňkyda görmäge mümkinçilik berýän süzgüç hökmünde
hereket edýär" -diýip görkezdi.

Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetinin

Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam