ABC ýerli teleýaýlymynyň habaryna görä, Awstraliýaly we Amerikaly aktýor
Rassel Krou Awstraliýanyň günorta-gündogarynda iri kinostudiýa gurmagy
meýilleşdirýär.
Kino studiýa Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynyň kenarýaka Koffs
Harbor şäherinde, Sidneýden 540 km demirgazykda ýerleşer. Kino merkezi,
aktýorlaryň maşgala agzalarynyň galyp biljek, häzirki wagtda bar bolan kurortyň
çäginde ýerleşmeli.
Krou: "Birnäçe ýyl bäri ýaşaýan ýerimi işim bilen nädip birleşdirip
boljakdygy hakda oýlanýaryn" -diýdi.
Kino studiýanyň taslama wagty entek belli däl. Ýöne Kofs-Harbor
partiýasynyň deputaty Gurmeş Singhiň pikiriçe, meýilnamalaşdyrmak prosesi
“takmynan 12 aý dowam eder”.
Rassel Krou Awstraliýada uly kinostudiýa döretmek kararyna geldi

RU












