Afrika ýurtlarynyň biri bolan Botswanada, ululygy boýunça dünýäde üçünji
ýerde durýan göwher tapyldy. Iň uly gymmat bahaly daşlaryň birini, 1-nji iýunda
Debswana gazylyp alynýan baýlyklary çykaryjykar tarapyndan agtaryp tapyldy
diýip, The Guardian ýazýar.
Agramy 1098 karat (219,6 gram) bolan bu daş ýurduň paýtagty Gaboronda
gazylyp alyndy. Gymmat bahaly daş, hökümet we De Beers atly iň uly halkara
göwher kärhanasy bilen birlikdäki kompaniýanyň üstünlikler "gaznasyndaky"
gazananlarynyň iň ulusy boldy hem-de adamzat taryhynda üçünji orny eýeledi.
Dünýädäki iň uly göwher, 1905-nji ýylda Afrikada tapylan agramy 3106
karat (621 gram) bolan "Kullinan" hasaplanýar. Ikinji uly göwher, 2015-nji ýylda
Botswananyň demirgazyk-gündogaryndaky Karow käninde tapylan agramy 1,109
karat (221,8 gram) bolan "Biziň şöhlämiz"atly göwher boldy.