Uzak möhletleýin perspektiwada Merkezi Aziýada JIÖ-iň ýokary ösüş
depgininiň saklanmagyna garaşylýar. Bu barada Ýewraziýanyň Ösüş Bankynyň
“Merkezi Aziýanyň suw-energetika toplumyna maýa goýumlary” hasabatynda
aýdylýar diýip, Gyrgyzystanda iň uly internet neşiri bolan Tazabek habar berýär.
Bu ýokary demografiki ösüş (BMG-niň çaklamalary boýunça, MA-nyň
ilatynyň sanynyň ortaça köpelişi häzirki 74,4 milliondan 2050-nji ýylda 90 mln
adama çenli), şeýle-de senagatyň, hyzmatlar pudagynyň we oba hojalygynyň ösüşi
bilen baglanyşykly bolar.
Şunuň bilen baglylykda, bu sebitde elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň
ýokarlanmagyna we şoňa görä-de bar bolan öndüriji güýçlere hem-de häzirki
wagtda ýokary köneliş derejesi bilen häsiýetlendirilýän elektroenergetika ulgam
hojalygynyň infrastrukturasyna düşýän agramyň ýokarlanmagyna garaşylýar.
Ýurtlaryň MA-nyň suw-energetika toplumynyň infrastrukturasyna maýa
goýumlaryna bolan zerurlyklary ep-esli bolup, azyndan 90 mlrd dollar bilen
bahalandyrylýar. Bu ýylda, takmynan, 9 mlrd dollar bolup, 2021-2030-njy ýyllar
üçin sebitdäki maýa goýum tendensiýasyndan ýokarydyr.
MA-nyň SET-niň maýa goýum zerurlyklary her ýyl Gazagystan üçin JIÖ-iň
1%-ine, Gyrgyzystan üçin JIÖ-iň 5,7%-ine, Täjigistan üçin JIÖ-iň 7,4%-ine,
Özbegistan üçin JIÖ-iň 3,5%-ine we Türkmenistan üçin JIÖ-iň 1,7%-ine
barabardyr (Branchoux et al., 2018).
MA-nyň SET-niň energetika segmentinde kesgitlenen jemi maýa goýum
teklipleri häzirki wagtda 52,8 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Olardan 45,4 mlrd
dollar (86%) öndüriş segmentiniň we 7,4 mlrd dollar elektroulgam toplumynyň
(14%) paýyna düşýär.
Taslamalaryň öňünde goýlan esasy maksatlar energiýa çeşmelerini
diwersifikasiýa etmek we ýurtlar üçin adaty öndüriji güýçleriň görnüşlerini
köpeltmek arkaly energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygy, täze elektroenergiýa
bazarlaryna çykmak we içerki elektroenergetika gatnaşyklaryny berkitmek bolup
durýar.
Geljek on ýyla meýilleşdirilen maýa goýum taslamalarynyň durmuşa
geçirilmegi sarp edilişiniň ýokarlanandygyna garamazdan, sebitde elektrik
energiýasynyň ýetmezçiliginiň öňüni almaga mümkinçilik berer diýlip çaklanylýar.
Sebitdäki elektrik energiýasynyň artykmaçlygy 2020-nji ýyldaky 37,2 TWt/s-
dan 2030-njy ýylda 45,6 TWt/s çenli ýokarlanar (ÝÖB-niň Fitch Solutions, 2021a,
2021b, 2021c, 2021d, 2020 maglumatlaryna esaslanýan hasaplamalary), bu hem öz
gezeginde elektrik energiýasynyň eksport göwrümini artdyrmak mümkinçiligini
ýokarlandyrýar we artykmaç elektrik energiýasyny satuwa ibermek meselesini orta
goýýar.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Tazabek.kg: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energiýa segmentinde jemi maýa goýum teklipleri – 52,8...
Tazabek.kg: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energiýa segmentinde jemi maýa goýum teklipleri – 52,8 mlrd dollar
