Öz taryhy bilen müňýyllyklaryň çuňlugyna aralaşýan Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň
döredilmegine bu ýyl maý aýynyň 25- ne 140 ýyl bolýar. Aşgabat – ýönekeý bir şäher bolman, eýsem bu şäher gadymy siwilizasiýalaryň galyndylarynyň gapdalynda
ýerleşýän, ösen medeni merkezler hem- de ykdysady we ylym ýolunda gurlan beýik medeniýete degişli nokatlaryň jemlenmesidigini bu gün subut edýär. Aşgabat- Askabat, Arşak abat, arsak abat- ýaly görnüşlerde at alandygyny taryhy çeşmeler tassyklaýar.
– Arşak- Ärsak- Ari- Ars- sözlerinden kök alyp gaýdýar. Ol sözde Arsak şanyň ady ýer alandyr. Munuň özi Aşgabadyň taryhynyň gadymylygyny , hat- da biziň eramyzdan öň 2-1 müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýandygyny ýüze çykarýar. Aşgabadyň adynyň antik bir köki öz içine almasy, onuň taryhynyň şöhratly,başynyň gökde, ýüreginiň toprakdadygyny subut edýär. Aşgabadyň taryhyny düzýän medeniýetler onuň eteklerinde ýerleşip, şu günki gün günümizde onuň özüne çekiji bir toprak bolmasynyň asyl mazmuny şundan ybaratdyr.
Paýtagt- Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Nusaý galasy Aşgabadyň birnäçe asyrlar öň paýtagt bolmagyna täsirini ýetiren ilkinji nokatlaryň biridir.Nusaý galasy-biziň eramyzdan öňki 4 -nji ,2-nji asyrlara degişli bolup,käbir taryhy maglumatlara görä, onuň Nisa- Nusaý ady – arisleriň ýaşan ýeri, ýagny ýerliler manyda berilýändigini taryhy maglumatlar subut edýär.
Asyrlaryň dowamynda selewkidleriň häkimliginde bolup,soňra Arsak hem- de Tiridit –iki doganyň häkimligine geçýär. Şol döwürde- de Nusaý paýtagt bolýar.Bu ýerde ýüzýyllaryň dowamynda Arsakidleriň dinastiýasy höküm sürendir. Aşgabadyň ilkinji adynyň çeşmelenýän ýeri- de Arsak, Arşak şasynyň ady bilen baglanşyklydyr. Nusaý galasynyň gadymy taryhy ýazgylarda galmasy Aşgabadyň gadymy taryhynyň bu günki gün ýönekeý bir taryh däl- de öz köküni asyrlaryň jümmüşine urup duran kökli bir şäherdigini subut edýär. Aşgabat şäherimizden 18 km uzaklykda ýerleşýän Nusaý galasy Biziň eramyzdan öň 2 nji 1 nji müňýyllyga degişli bolup, “Mitridatyň gurduran” galasy diýip atlandyrylmak bilen,Parfiýa şalygynyň merkezi bolupdyr. Müňýyllyklaryň taryhynyň penjiresinden bu güne bakan Aşgabat- 140 ýyl ozal Paýtagt hökmünde yglan edilen- de bolsa, onuň ýerleşýän territoriýasy hakyndaky subutnamalar onuň has gadymydygyny subut edýär. Munuň iň esasy sebäbi – de Aşgabadyň beýik ýüpek ýolunyň üstünde ýerleşmesidir.Bu gün Aşgabat şöhratly taryhy başdan geçirip, iň owadan ak şähere- Aziýanyň merjeni adyny alan şähere öwrüldi. Aşgabadyň ýüregine barýan damarlary düzýän taryh bilen baglanşykly binalar hem şäheriň şöhratly taryhynyň bolandygyny ýene bir gezek subut edýär.Aşgabadyň töwereginde ýerleşýän Nusaý, Ak depe, Änew ýadygärlikleri bu gözel territoriýany özünde saklaýan beýik siwilizasiýanyň ýaňyny getirýän şäherdir. Bu topraklarda ynsanlaryň medeniýete, sungata, ylma,sporta hem- de beýleki ösüşlere uly sarpa goýandygyny subut edýän desgalaryň hem birnäçesi bar.Bitaraplyk binasy Gözel Aşgabadyň günortasynda ýerleşýär. Bitaraplyk binasy 1998-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygy almagy mynasybetli gurulan binadyr.
Kakajan AMANMYRADOW,