Gippokrat (Hippocrates) grek lukmany we pedagogy hasaplanylyp, ol
miladydan öňki 460-njy ýylda Gresiýanyň Kos adasynda eneden dogulýar we
Fessiliýada Lariss şäherinde biziň eramyzdan öňki 356-njy ýylda aradan çykýar
(käbir ylmy çeşmelerde aradan çykan wagty 377-nji ýyl diýlip bellenilýär).
Fesseliýada bolsa alymyň hormatyna ýadygärlik dikeldýärler.
Lukmançylyk bilen baglanyşykly ilkinji bilimi öz kakasyndan – Geraklitden
we Kos adasynyň beýleki lukmanlaryndan ylmy kämilleşdirmek maksady bilen
öwrenýär. Gippokrat ýaşlykda köp ýurtlara syýahat edýär we şol ýerlerde bar bolan
ýerli tebipçilik we lukmançylyk sungatlarynyň inçe syrlary bilen gyzyklanýar.
Gippokratyň durmuş ýoly dogrusynda käbir rowaýata öwrülen gürrüňler biziň
döwrümize gelip ýetipdir. Gippokratyň adyna uly möçberdäki, ýagny 72 ylmy
makalalar berilýär. Beýik lukmanyň köp sanly eserleri şol döwürde ýaşan beýleki
grek alymlarynyň ady bilen baglanyşdyrylýar. Şeýle hem Gippokratyň 79
eserleriniň köp sanlysy, onuň ogullary lukmanlar Fessal we Drakon we ýegeni
Polib bilen baglanyşdyrýarlar. Grek lukmanlary Galeniň – 11, Gelleriň – 18,
Kowneriň – 8 eserlerini Gippokratyň ylmy traktatlaryna degişlidigi häzirki
döwürde alymlar tarapyndan aýan edilýär.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň,