Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz hem-de baky Bi­tarap Türkmenistanyň ykdysadyýetini döwlet kadalaşdyrylyşy, amala aşyrylýan düzümleýin özgertmeleri, bazar gatnaşyklarynyň ösmegi, ýurduň täze oba hojalyk syýasatynyň ýörelgeleri oba hojalygynyň ykdysadyýetne  düýpli özgerdişleriň girizilmegini talap edýär. Milli ykdysadyýetiň diwersifi­kasiýasynyň geljegi uly bolan ugurlarynyň biri oba hojalygynyň  innowasion ösüşidir.

Türkmen taryhyndaky täze eýýam bolan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan öňdengörüjilikli, ylmy taýdan esaslandyrylan hem-de milli ykdysadyýetimizi okgunly we durnukly ösdürmäge, halkyň ýaşaýyş, durmuş şertlerini gowulandyrmaga we hal ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasaty bilen dabaralanýar.

Depginli güýç bilen ilerleýän milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, oba hojalyk toplumynda hem gazanylýan üstünlikler Milli Liderimiziň düýpli özgertmeler syýasatynyň anyk netijesi bolup durýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän oba hojalyk syýasatynda ýokary ösüşler gazanylýar. Döwlet Baştutany tarapyndan  agrosenagat ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek meselelerine ýadawsyz ünsüň berilmegi netijesinde ýurdumyzda oba zähmetkeşleriniň yhlasly we öndürü-jilikli zähmet çekmekleri üçin zerur bolan şertleriň ählisi döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda hereket edýän degişli kanunçylyk hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeler milli ykdysady  ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginde özüniň uly täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütlerinden gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, oba hojalygynda innowasiýalary döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllygyny ýokarlandyrmak, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de täze iş orunlaryny maksady haty Türkmenistanyň Halk maslahaty mejlesinde kabul edilen “Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda” Kararynda ýurdumyzda oba hojalyk maksatly ýörite ýer  gaznasyny döretmek, ýer böleklerini 99 ýyla çenli möhlet bilen peýdalanmaga bermek, ekerançylyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan daýhanlaryň azyndan 70 göterimde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinleriň hasylyny, galan ýer böleginde bolsa ylmy esasda ekin dolanşygyny geçirmek üçin döwlet tabşyrygyna girmeýän oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýetişdirmek, önüm öndürijilere, daýhan birleşiklerine we oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna oba we suw hojalygynda ulanylýan tehnikalary satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen olaryň möhletlerinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhletlere her ýylda deň paýlarda gaýtarmak şertlerde ýeňillikli bank karzlaryny bermek raýatlarda uly ruhy belentlik döretýär.   Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ulanylýan pudaklarynyň biri bolup durýar. Oba hojalyk toplumyny düýpli özgertmäge gönükdirilen Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin “Milli Maksatnamasy” hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini  özgertmek boýunça 2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanyň agrosenagat toplumy we suw hojalygyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy” we beýleki kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi, Milli Liderimiziň kabul eden kararlarynyň, şeýle-de bu ugurda kabul edilen birnäçe hökümet çözgütleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen häzirki wagtda Watanymyzda oba hojalyk pudagynda önüm öndürmeklige isleg bildirýän raýatlaryň sanynyň yzygiderli artmagyny şertlendirdi. Şeýlelikde, oba hojalygyny ösdürmekde maksatlaýyn döwlet goldawlary bilen bir hatarda, ýurdumyzda alnyp barylýan ykdysady syýasata hem uly orun degişli bolup durýar.

Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeleriň  “Türkmenistanda durmuş ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasy” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça  2020- nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy” kabul edilip, olarda hojalygy ösdürmegiň we pudagy özgertmeleriň geljekdäki ugurlaryny jikme-jik aýdyňlaşdyryldy. Bu babatda oba hojalygynyň ykdysadyýeti boýunça ýokar we orta bilim alýan ýurdumyzyň talyplaryna okuw kitabyny taýýarlamak zerurlygy hem ýüze çykýar.

Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyny yzygiderli we durnukly ösdürmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Çuňňur oýlanyşykly, ölçerilen oba syýasaty Milli Liderimiziň bu pudagy özgertmek ugrunda başyny başlan işleriniň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, ýurdumyzyň oba hojalygy çalt depginlerde ösdürmegiň we ony döwrüň talabyna laýyk gelýän täze sepgitlere çykarmagyň möhüm şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda Oba hojalygyny dolandyrmak üçin innowasion dolandyryşyň maksady ulanmak bolýar.  Bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde ýolbaşçynyň öz ukybyny doly görkezmek zerurlygy artýar. Dolandyryş gurlyşynda kärhanalaryň özbaşdaklygynyň giňelmegi  önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlanmagynyň esasy guraly bolup hyzmat edýär. Duş gelýän işeňňir we başarjaň düşünjeleriniň ýakynlygyna garamazdan olaryň arasynda tapawut bar. Başarjaňlyk işeňňirlikden has giň we çuň düşünje. Başarjaňlyga işeňňirligiň üsti bilen ýetirilýär. Başarjaň ýolbaşçy işeňňir ýolbaşçydan işe belentligi we guramaçylyk ukybynyň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Başarjaňlyga zähmetiň ösüşiniň gidişinde ýüze çykan ýagdaýa özboluşly baha bermek we durmuşa geçirmek häsiýetlidir. Işeňňir ýolbaşçy bolsa öňünde goýulan maksada we wezipelere adaty usullary ulanyp artykmaç ýitgiler bilen ýetýär. Başarjaň ýolbaşçy şeýle pikirlenmekden we hereket etmekden daşda durýar. Esasy ukybyny jemgyýetiň, kollektiwiniň we işgärleriniň ähmiýetiniň biri-birine garşy gelmezligini gazanmaga gönükdirýär we kärhananyň durmuş taýdan ösmegine üns berýär. Şeýlelikde, işeňňirlik başarjaňlygyň bir bölegi bolup durýar. Dolandyryş zähmetini guramakda başarjaňlygyň ykdysady, ýuridiki we durmuş-psihologiki taraplaryny bellemeli.  Zähmetde ykdysady zähmeti durmuşa geçirmek ykdysady tarapyny düzýär. Ýöne ykdysady ähmiýeti kepillendirmek üçin hemme hereketleriň ýuridiki görnüşe eýe bolmagy zerurdyr.   Täzelikleri we ylmy tehniki ösüşiň netijelerini ornaşdyrýan, ilatyň islegini göz öňünde tutýan hojalyk ilgamy  yzygiderli  ösüp biler. Başarjaňlyk dolandyryş zähmetini guramakda ýolbaşçynyň möhüm häsiýetleriniň biri diýip hasap edilýär. Bu häsiýet zähmetiň ösüşiniň gidişine gatnaşýan işgärleriň hemmesine mahsus bolmalydyr. Ýolbaşçylar işgärler üçin öňde goýulan maksatlara ýetmegiň dürli ýollaryny ulanmaga mümkinçilik döretmelidir. Önümçilikde işgärleri dolandyryş işlerine gatnaşdyrmak aňsat bolmaýar, sebäbi olaryň köpüsi ol işlere höwes bildirmeýär. Işgärleriň ýokardan görkezmä garaşman önümçiligi dolandyrmaga gyzyklanma bilen gatnaşmagy önümçilik serişdelerine we zähmet resurslaryny netijeli ulanmagy üpjün edýär. Durmuş meseleleriň çalt durmuşa  geçmegine-de ýardam edýär. Häzirkizaman halkara tejribesinde agrosenagat önümçiliginiň ösmegi agrosenagat toplumynyň dolandyryş ulgamynyn täze hil ýagdaýlaryny aňladýan maksatlaýyn maksatnamalaryň giňden ýaýramagyna getirdi. Önümçilik dolandyrylyşyna maksatnamalaýyn maksatly çemeleşmeler agrosenagat toplumynyň ösmeginiň meselelerini we maksatlaryny öz wagtynda, giňişliginde amal edýän ykdysady, tehnologik, guramaçylyk ylmy-tehniki we beýleki çärelerden durýandygyny bellemek gerek. Şoňa görä dolandyryş maksady garaşylýan peýdaly netije ýaly dolandyryşyň ilkinji elementidir. Dolandyryşy maksat barada aýdyň we anyk bolmadyk düşünjeler bilen gurajak bolmak öz manysyny ýitirýär. Şonuň üçin agrosenagat toplumynyň netijelegi ösmeginde, dolandyryş ulgamynda maksatlar toplumynyň kesgitlenmegi, olaryň bölekleri we derejeleri boýunça baglanylmagy hem-de anyklanylmagy merkezi meseledir.

Bu meseläni çözmegiň kynlygy agrosenagat toplumynyň düzümindäki pudaklaryda dolandyryş maksatlary deňölçegli bolmadyk, gapma-garşylykly häsiýetli, iňňän çylşyrymly içki arabaglanyşyklaryň bolmagydyr.

Häzirki şertlerde dolandyryş ulgamyny gurmagyň pudaklaýyn we sebit jähtleri agrosenagat toplumynyň ulgamyndaky aýratyn düzümleriň wezipeleriniň maksatlary saýlanyp alnanda köplenç ýalňyşlyklara getirýär.

Mysal üçin oba hojalyk önümlerini öndürmek göwrüminiň ýokarlandyrylmagy, degişlilikde agrosenagat toplumynyň ahyrky haryt görnüşdäki önümleriniň gos-göni artmagyny aňlatmaýar. Bu oba hojalyk onümleriniň 80 göteriminiň aralyk önum bolup, önümçilikde sarp etmek üçin peýdalanylýandygy bilen duşündirilýär.

Şonuň üçin oba hojalyk onümlerini öndürmegiň osüşi degişlilikde ambarlaryň we sowadyjylaryň göwrümleriniň, gaýtadan işleýän kärhanalaryň kuwwatlarynyň, harytlaryň lomaý we bölek satuwlarynyň amala aşyrylyş mümkinçilikleriniň giňemeginiň ösüşleri bilen baglydyr.

Kuwatow Kerimbergen

Türkmenistanyñ Döwlet Energetika institutynyň talyby