Hoz maňyzlary nahar bişirmekde, işdäaçarlary taýýarlamakda giňden ulanylýar, şeýle-de özbaşdak hem iýilýär. Olarda ýaglara we kaloriýa örän baýdyr. Şeýle-de bolsa ol agramyň artmagyna goşant goşman, horlanmaga kömek edýär.
Semizlikden ejir çekýän adamlarda geçirilen 12 hepdelik tejribelere görä hoz iýýänleriň arasynda trigliserid derejesi gözegçilik toparyna garanyňda 33% peselýär.(14Trusted Source, 22Trusted Source).
Geçirilen gözlegler, süýji we metabolik sindromly adamlarda hoz iýmegiň oksidleýji stres, gan basyşy we beýleki saglyk belliklerini peseldip biljekdigini görkezýär. Metabolik sindromly aýallarda geçirilen başga bir gözleg, 6 hepdäniň dowamynda günde 1 unsiýa (30 gram) hoz, nohut we sosna hozy iýmek holesteriniň ähli görnüşlerini ep-esli derejede peseltdi – “gowy” HDL-den başga (27Trusted Source, 28Trusted)
Edil şonuň ýaly-da, käbir hozlar, şol sanda pisse, Braziliýa hozy, hoz we badam – sagdyn adamlarda we süýji keseli we böwrek keseli ýaly agyr ýagdaýlarda ýüze çykýan çişmelere garşy göreşmekde örän ýerliklidir.
Hoz maňyzlarynyň düzümindäki peýdaly maddalar adamyň ýatkeşligini ösdürmäge, pikirlerini durlamaga hem kömek edýär. Tejribelere görä hozuň holesteriniň derejesine, “erbet” LDL bölejikleriniň ululygyna, arteriýanyň işleýşine we çişmegine peýdasy sebäpli ýürek kesellerini we insult töwekgelçiligini peseltmäge kömek edýändigi anyklanyldy.