Aristotel biziň eramyzdan öňki 384-nji ýylda eneden dogulýar we 322-nji
ýylda hem aradan çykýar diýip çaklanylýar. Onuň gelip çykyşy, makedon
şalarynyň howlusyndaky lukmanlar maşgalasy hasaplanylýar. Ol gadymy grek
filosofy we alym – ensiklopediýaçysydyr. Asistotel peripatetiki mekdebi
esaslandyryjy alymdyr. Aristotel 17 ýaşynda Platonyň Akademiýasyna okuwa
girmegi başarýar. Şol ýerde 20 ýylyň dowamynda, ilki bilen diňleýji, soňra
mugallym we filosof-platonçylar birleşiginiň deň derejedäki agzasy bolýar. Biziň
eramyzdan öňki 347-nji ýylda Platon aradan çykandan soňra Aristotel syýasy
duýgylar taýdan 111 yzarlanmagy bilen Afinany taşlap gitmeli bolýar. Köp ýerlere
syýahat edýär. Aristotel beýik serkerde Alaksandr Makedonskiniň mugallymy
bolýar.
Aristotel Aleksandr Makedonski ölenden soňra, serkerdäniň garşydaşlary
tarapyndan yzarlanmaga başlanýar. Ol şol ýerden Halkitdäki öz mülküne ýola
rowana bolýar. Şol ýerde hem köp wagt geçmänkä aradan çykýar.

Rahym AŞYROW,

Türkmenistanyñ Serhet institutynyñ mugallymy.