Ählimiziň tutuş ýylyň dowamynda sabyrsyzlyk bilen garaşan täze ýyl baýramy her ýyl özüniň aýratyn şatlyk-şowhuny bilen gelýär. Täze ýyl baýramçylygy dünýäniň ähli künjeginde giňden baýram edilip bellenilýär.

Eýsem, täze ýyl baýramynyň şeýle üýtgeşik bolmagynyň sebäbi nämede? Belkide onuň maşgala baýramçylygy bolanlygyndadyr. Täze ýyl baýramynyň belleniliş senesiniň we däpleriniň aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Geliň käbir ýurtlarda täze ýyl baýramynyň belleniliö aýratynlygy bilen tanyş bolalyň!

Efiýopiýada täze ýyl baýramçylygy “Enkutataş” diýlip atlandyrylýar. Olar täze ýyl baýramçylygyny tomus möwsüminiň soňy diýip düşünýärler. Şonuň üçin hem täze ýyl baýramçylygy bu ýurtda sentýabr aýynyň 11-ne bellenilýär.

Hytaýda täze ýyl “Aý” senenamasynyň ilkinji güni hasaplanýar. Gün ulgamyna görä her 3 ýyldan oňa düzediş girizilip, baýramçylygyň anyk senesi ýanwar aýynyň 20-sinden fewral aýynyň 20-si aralygynda bellenilýär.

Kambojada täze ýyl baýramçylygy aprel aýynyň 13-14-i aralygynda bellenilýär. Geň ýeri, bu täze ýyl baýramçylygy 3 gün dowam edýär. Baýramçylygyň ilkinji güni “Moha Sonkran”, ikinji güni “Wirak Wanabat” we “Wirak Lourng Sak” atlary bilen bellenilýär.

Koreýada bolsa, täze ýyl aýramy ýanwar aýynyň 1-ne bellenilýär. Baýramda olar milli oýunlary oýnamak, ata-babalarynyň gabryna gezelenç etmek bilen meşgullanýarlar.

Dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, biziň ýurdumyň Türkmenistanda täze ýyl baýramy her ýylyň 1-nji ýanwarynda uly şatlyk-şowhuna beslenip bellenilýär. Baýramçylyk gün saçaklar giňden ýazylyp, ýakyn-ýarlaryň öýüne baýramçylygy gutlamaga gidilýär. Bierk-biregi baýramçylyk bilen gutlanyp iň gowy arzuwlar aýdylýar.

Yslam TYLLANUROW,

TDBGI-niniň Inžener mehanika

 fakultetiniň mugallymy.