100 ýyldan gowrak höküm süren Seljuk türkmen imperiýasy tä Bagdatdan Merkezi Aziýa çenli bolan aralykda hökümdarlyk edip, türkmeniň adyny Jahana ýaýyp, sebitdäki ähli halklaryň ykbalyna deň göz bilen garap, medeniýetini ösdürmek, ýollar, köprüler, metjitler, kerwensaraýlar gurdurmak işleri bilen meşgul bolupdyrlar. Ine, şeýle uly döwletde döwlet dolandyryş ulgamynyň bölünişi:

  • Seljuklarda döwlet baştutany Patyşa (Soltan) bolupdyr.
  • Patyşanyň ilkinji kömekçisi baş wezir bolup, oňa Haje (hoja) ýa-da emiri sadyr hem diýlipdir.
  • Seljuklaryň köşgünde ýaş şazadalara harby we döwlet dolandyryş bilimlerini öwreden mugallymlara Atabegler diýlipdir.
  • Köşkde soltanyň möhürini saklap, oňa jogap berýän adama Tugraýi diýlipdir.
  • Seljuklarda ekerançylyk bilen meşgullanýan welaýatlara goýlan häkime Amiller diýlipdir.
  • Maldarçylyk bilen meşgul bolýan welaýatlara goýlan häkime Şihneler diýlipdir.
  • Köşkdäki girdejilere we çykdajylara jogap berýän esasy wezipä Mutassaryf diýlipdir.
  • Hökümdaryň pul gaznasyna jogap berýän wezipä Mustauf diýlipdir.
  • Döwletde ähli adalat we kazyýet işlerine Emir Haras jogap beripdir. Onuň gapdalynda täsirli aksakallar – Reýisler hem uly täsirden peýdalanypdyrlar. Soňy bilen Emiri Harasyň täsiri gowşap her şäheriň tertip-düzgünine seredijisi bolan Muhtasipler ýokary göterilipdir.

Taýýarlan: Döwletmyrat Tejenow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.