Ibn Battuta orta asyrlar eýýamynyň iň beýik syýahatçysy we “Rihletu ibn Battuta” diýlip tanalan syýahatnamananyń ýazarydyr. Doly ady Ebu Abdullah Muhammed bin Abdullah bin Muhammet bin Ibrahim Lewaty. Ol Magrybyň Fas Tanja şäherinde 1304-nji ýylda eneden dogulýar. Mensuby bolan Lewate kowumy Berberi halklardan bolup, Berkadan Tanja göçüpdirler.
Ibn Battuta tutuş ýewropalylara tanalmadyk öz döwrüniň bilesigeliji syýahatçylaryň biri bolupdyr. Ol Afrika, Gündogar ýurtlaryna we Wizantiýa tarap syýahat eden adamdyr. Ol 1325-de Mekge şäherine gitmegi we hajy bolmagy ýüregine düwmek bilen jahankeşdelik, syýahatparazlyk käri ony gününe goýmaýar. Ol Nil derýasynyń kenaryndaky Kaire soňra Şam, Beýtullaham, El-Halila aýlanýar we ondan soň Medine şäherine, ondan soňra bu ýerden Mekge şäherine ugraýar. Ol Mekgede hajy parzyny berjaý edýär. Sońra Şiraza we Hulagu han tarapyndan Bagdada gidýär. Bu ýerde Ilhanly hökümdary Ebu Seýit bilen tanyşýar we onuň kerweni bilen goşulup Tebrize gidýär. Tebriz şol döwürlerde Mongol-mogol çozuşlarynda ýykylman galan ýeke-täk beýik şäherdir. Ýüpek ýolunyň ugrunda galan Tebrizi aýlanyp, ondan soňra 2-nji gezek Mekgä gitdi we ikinji gezek hajy parzyny berjaý etdi.
Ibn Battuta Hind okeanyň üsti bilen Adene gelen gämilere ýardamçy boldy. Ondan soňra Efiýopiýa, Mogadişu, Mombasa, Zanzibar ve Kilwada ýurtlaryna syýahat edýär. Ondan soňra Oman we Hurmuz bogazlaryny görmek üçin ýola çykýar we syýahatyny şowly geçirýär. Soňra Deli soltanlygyna we Hindistanyň çäklerine aralaşýar. Sońra ýolda terjimeçilik eder ýaly Seljuk hökmürowanlygynyň içi bilen Anadola gitdi. Soňra Gara deňizi geçip Krym şalygyna, Krymdan Wolga we Altyn orda ýurtlaryna syýahat etdi. Orta Aziýany aýlanyp Astrahan şäherine gelýär. 1332-nji ýylda Konstantinipola gitdi we Imperator Adronik III bilen görüşdi. Ondan soňra Hazar deňzi bilen Aral deňzine aşdy, ondan soňra Köpetdag we Köýtendag gerişleri bilen uza-ýola Hindistana aşdy. Deli soltanlygynyň soltany Muhammet ibn Tugluk bilen gorüşdi we onuň emri bilen Hytaýa syýahata gitdi.
Rasulow Ýusupmyrat,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.