Milli taryhymyza kök uran türkmen soltany Jelaleddiniň ady, edermenligi, garadangaýtmaz maksadaokgunlylygy, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi hem-de belent adamkärçiligi mertebe münberinde uly sarpanyň eýesidir. Bu hakykat Hormatly Prezidentimiziň birnäçe kitabynda anyk mazmunda aýdyň şöhlelenýär. Esasan-da, döwlet Baştutanymyz “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabynda türkmeniň serkerde soltany Jelaleddiniň adyny buýsanç bilen hatyralaýar. Munuň özi çeper eseriň özüne çekiji ruhy güýjüniň taryhy şahsyýetleriň keşpleriniň dörediliş, açylyş derejesi we onda ulanylýan çeperçilik serişdeleriniň milletimiziň dürdäne diliniň, nakyllaryň hem-de atalar sözleriniň, däp-dessur, adat bilen bagly wakalaryň ulanylyş aýratynlygyna baglydygyny äşgär edýär. “Mertler Watany beýgeldýär” diýen ajaýyp eserinde Hormatly Prezidentimiz okyjynyň ünsüni bir taryhy hakykatyň jümmüşinde jemleýär: “Gadymda bina edilen Horezm şalygynyň hökümdarlarynyň biri Jelaleddin soltanyň Çingiz hanyň baştutanlygyndaky rehimsiz söweşijilere nähili zarba urandygyny bilýänsiňiz. Bu halkymyzyň buýsançly taryhydyr. Jelaleddin soltanyň atly söweşijileri goşunyň içine böwsüp girip, urdum- gaçdy oýnuny edýärler. Güýçli hem taýýarlykly goşun yza çekilmeli bolýar. Halkymyzyň edermen gerçegi Jelaleddiniň atlylary duşmana esli wagt, ýazylganlyk bermeýärler. Olary güýçden gaçyrýar, elinden gelenini edip, gahrymançylyk görkezýär. Ahyrynda az sanly urşujysy bilen möwçli derýanyň kert  kenarynda galýar, duşmanlar ol näderkä diýip, heşelle kakmaga başlaýarlar. Batyr soltan özüni aty bilen derýa oklaýar. Mert bedew ýüzüp, ony derýanyň beýleki kenaryna alyp çykýar. Ony synlap duran duşmanlar haýran galýarlar. Onuň yzyndan kowmaga bolsa olaryň hiç biriniň- de gaýraty çatmaýar. Jelaleddin gahar – gazap bilen, olaryň parahat oturan ilata sütem edýändikleri üçin, ýene söweşmäge hyjuwlanypdyr. Ol tä ahyrky demine çenli parahat ýaşaýşy, adalaty gorapdyr. Batyr soltanyň ady rowaýata öwrülipdir. Jelaleddiniň ady ýakyn-u-alysa ýaýrapdyr.” Çawy ýedi yklyma ýaýran arslan ýürekli Jelaleddini Çingiz han tarapyndan gara bulut ýaly abanyp gelýän howp hiç hili hopukdyrmandyr. Ejizlik, gorky ýaly ruhuňy garaňkyradýan närselerden ýüreginde zerre ýaly duýgy bolmadyk Jelaleddiniň adyny rowaýatlara öwren edermenligi Çingiz hanyň ýüregini ahmyr bilen elendiripdir.

Ady äleme meşhur türkmen gerçeginiň edermenligi hakynda orta asyr taryhçylaryndan başlap, soňky döwrüň ýazarlaryna çenli örän köp eserleri döredipdirler. Jelaleddin Menguberdiniň öňdengörüjiligi, mertligi, ugurtapyjylygy, söweş tärleri, adalatlylygy, geçirimliligi onuň kätibi bolup, söweş hereketlerini, durmuş wakalaryny edebi mirasymyzyň gatlarynda ebedileşdiren Muhammet ibn Ahmet an-Nesewiniň türkmen serkerdesine bagyşlap ýazan kitabynda has aýdyň şöhlelenýär. Onda bellenilişine görä, Jelaleddin garaýagyz, ortadan uzyn boýly, zybany türkmen, emma pars dilini hem suwara bilýän, gaýduwsyz, garadangaýtmaz, dana, salyhatly, adalatly serkerde. Soltan ruhubelent şahsyýet. Onuň ruhubelentligi, kyn pursatlarda hem özüni ýitirmän, esgerleriniň hem ruhuny göterip bilýändigi Nusaýa baranyndaky ýowuz günlerde, şeýle hem Grigol Abaşidzäniň “Uzaga çeken tümlük” atly kitabynda beýan edilýän Gürjüstanyň serhedindäki çykmasy örän kyn hem howply, diňe dik gaýalardan hem-de uçutlardan ybarat Garnis dagyna çykmaly bolandaky wakalarda has anyk ýüze çykýar.

Döwletmyrat Tejenow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.