Islendik döwletiň maliýe ulgamynda onuň býujet diýlip atlandyrylýan kiçi ulgamy (býujet ulgamy) merkezi orun tutýar. Maliýe nazaryýetinde we tejribeliliginde “býujet” adalgasyny düşündirmekde dürli-dürli çemeleşmeler bar. Jemagat maliýesine degişlilikde býujet diýlip häkimiýetiň (döwlet we ýerli) degişli guramalarynyň wezipelerini amala aşyrmak üçin aýry-aýry derejelerde döredilýän merkezleşdirilen pul gaznasyna düşünilýär. “Býujet” adalgasy iňlis dilinde “halta” ýa-da “gapjyk” manyny berýär. Şu adalga durmuş-ykdysady hadysa hökmünde býujetiň mazmunynyň, jemgyýetçilik önümçiliginde onuň tutýan ornunyň üstüni doly derejede açýar. Şu manyda býujet döwletiň we onuň edara ediş-çäk birlikleriniň hereket edişiniň özenidir we döwlet hem-de ýerli häkimiýet guramalarynyň gönüden-göni we doly ygtyýarlygyndaky pul serişdeleriniň möhüm çeşmesidir. Býujetlerde pul serişdeleriniň merkezleşdirilmegi, diňe maliýe serişdelerinden peýdalanmak we olary ykdysady we durmuş häsiýetli möhüm meseleleri çözmek üçin däl-de, eýsem-de döwlet tarapyndan ykdysady we maliýe syýasatynyň geçirilişini üpjün etmäge hem mümkinçilik berýär.

Jemgyýetiň ösmegi bilen býujetiň durmuş-ykdysady orny hem üýtgeýär. Bazar gatnaşyklaryna geçilmegi bilen merkezleşdirilen we merkezleşdirilmedik gaznalaryň arasyndaky gatnaşyk merkezleşdirilmedik pul gaznalaryň peýdasyna üýtgedi. Býujet gaznalaryň pul serişdeleriniň aglabasy global, umumymilli me-seleleriň, çünki ykdysadyýetiň täzeden gurluşyna, ylmyň we tehnikanyň ösüşine, milli önüm öndürijileriň bäsleşige ukyplylyklarynyň üpjün edilişine we ş.m. çözülmegine gönükdirilýär. Býujetiň durmuş gönükdirmesi güýçlenýär. Býujetiň durmuş gönükdirilmesi bazar töwekgelçiliklerden, hümmetsizlikden we çökgünlik hadysalardan ilatyň goraglylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly maksat-namalarynyň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýar. Şu çäreler telekeçiligi hukuk we guramaçylyk taýdan goldamak, onuň başarjaňlygyny höweslendirmek merkezleşdirilmedik pul serişdeleriniň göwrüminiň artýan şertlerinde amala aşy-rylýar.

Mazmun nukdaýnazardan býujete ykdysady kategoriýa hökmünde jemgyýetiň ösüşiniň takyk döwründe onuň möhüm isleglerini kanagatlandyrmak üçin merkezleşdirilen pul serişdeleri gaznasynyň döredilmegi we peýdalanylmagy bilen baglanyşyklykda jemi içerki önümiň gymmatynyň bir böleginiň gaýtadan paýlanylmagy sebäpli döwletiň, ykdysady subýektleriň we ilatyň arasynda ýüze çykýan ykdysady gatnaşyklar ulgamy hökmünde garalýar. Býujetiň şu kesgitlemesi ony düşündirilişiň düýpli häsiýetli çemeleşmelerinde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Býujet Kodeksiniň 1-nji maddasynyň 1-nji bölekçesinde hojalyk tejribeliliginiň nukdaýnazaryndan býujet şu görnüşde kesgitlenilýär: “Býujet-döwlet wezipelerini we işlerini maliýe taýdan üpjün etmek üçin niýetlenen pul serişdeleriniň emele gelmeginiň we harajat edilmeginiň görnüşi”. Şu ýagdaýda býujet onuň emele gelişiniň çeşmeleriniň we býujet serişdeleriniň harçlanylyşynyň anyk görnüşleriniň, şeýle hem onuň mazmunyny düzýän gatnaşyklaryň nukdaýnazaryndan kesgitlenilýär.

Döwletiň baş maliýe meýilnamasy hökmünde býujet býujet gatnaşyklaryna gatnaşýan gatnaşyjylaryň hukuklaryny we borçlaryny berkidýär, maliýe ulgamynyň ähli düzüm bölekleriniň işini sazlaşdyrýar we gurnaýar. Býujet işleriniň sazlaşdyrmasy býujet görkezijileriniň beýleki maliýe meýilnamalarynyň görkezi-jileri we maýa goýumlary maksatnamalary bilen baglanyşdyrmak arkaly amala aşyrylýar. Hususan hem, kärhanalaryň maliýe meýilnamalarynda býujete hökmany tertipde tölenmeli tölegleriň möçberleri we aýry-aýry kärhanalar üçin býujet serişdeleriniň gelip gowuşmagy kesgitlenilýär. Býujet edaralarynyň çenlikleri boýunça bölünip berilýän serişdeleriň ählisi degişli býujetleriň çykdajylar bölegi boýunça geçirilýär. Býujet – bu özboluşly we köp ugurly maliýe meýilnamasydyr, sebäbi onuň görkezijileri döwletiň ykdysady we durmuş ösüşiniň ähli çygyrlaryny gurşap alýar.

Şu çemeleşmeleriň baglanyşyklygynda hojalyk tejribeliliginde býujet döwlet tarapyndan maliýe düzgünleşdirilişiniň möhüm guraly hökmünde peýdalanylýar. Býujet düzgünleşdirmesi – bu iň pes durmuş döwlet standartlaryny hasaba almak bilen amala aşyrylýan ýerli býujetleriň girdejiler binýadyny deňleşdirmek maksady bilen aýry-aýry býujetleriň arasynda girdejileriň paýlanylmagy we serişdeleriň gaýtadan paýlanylmagydyr. Aýry-aýry derejelerdäki býujetleriň arasynda kanun esasynda berkidilen girdejileriň çeşmeleriniň paýlanylmagy býujet düzgünleşdir-mesiniň mazmunyny takyklaýar. Býujetleriň düzüminde maksatly we ätiýaçlyk gaznalary döredilip bilinýär. Şol gaznalaryň serişdeleri durmuş, ykdysady we beýleki maksatnamalary amala aşyrmak, býujet ýetmezçiliginiň üstüni ýapmak, tebigy betbagtçylyklaryň ýetiren zyýanlaryny aradan aýyrmak maksady bilen aşakdaky duran býujetlere öwezini dolmasyz geçirilip bilinýär. Türkmenistanyň Býujet Kodeksi (3-nji madda) býujet hukuk gatnaşyklarynyň subýektleriniň arasynda:

  • Türkmenistanyň býujet ulgamynyň býujetleriniň girdejileriniň emele gelişini we çykdajylaryň harçlanylyşyny, döwlet we ýerli nesýeleriň berilişini, döwlet bergisine hyzmat edilişini;
  • Türkmenistanyň býujet ulgamynyň býujetleriniň taslamalarynyň düzülişini we olara seredilişini, Türkmenistanyň býujet ulgamynyň býujetleriniň tassyklanylyşyna we ýerine ýetirilişine gözegçiligiň geçirilişini;
  • býujet hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Şeýlelikde, býujet – bu maliýe ulgamynyň aýrylmaz düzüm bölegidir,döwletiň we onuň çäk birlikleriniň wezipelerini amal etmek üçin niýetlenilen pul serişdeleriniň merkezleşdirilen gaznasynyň emele gelmegi, paýlanylmagy we peýdalanylmagy bilen baglanyşykly pul gatnaşyklarynyň özboluşly aýratyn segmentidir.

Abdykerim Muhanow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we

dolandyryş institutynyň uly mugallymy.