Küşt oýny araplarda “Sadranç” diýlip atlandyrlypdyr. Ol VIII-X asyrlarda has meşhur zehin oýnuna öwrülýär. Küşt oýny Hindistanda ýüze çykan hem bolsa Abbasy halyflygynyň bütin çäginde giňden ýaýrapdyr. Şu döwrüň meşhur beýik türkmen küştçisi asly Dehistanly bolan Abu Bekir as-Sulidir. Ol meşhur Dehistanlydaky Sul hökümdarynyň agtygy bolupdyr. As-Suly Abbasy halyfy Al Makdifiniň (902-908) döwründe Bagdada barýar we onuň ýeňilmezek küştçisi Mawerdi bilen küşt oýnap ony yzly-yzyna utýar. 905-nji ýylda bolan bu ýaryşda soň As Suly bütin Abbasy halyflygynyň 35 ýyllap bir gezek hem ýeňilmedik küştçisi bolupdyr. Şol sebäpli oňa “Beýik küştçi“ diýen at berlipdir. 940-njy ýylda halyf bolan Al Mutraki döwründe As-Sula ýalan töhmetler atylyp, ol Bagdaddan Basra şäherine gaçmaga mejbur bolýar. 946-njy Basrada aradan çykýar.

Seýidowa Aýsona,

Türkmen oba hojalyk institutynyň,

Agronomçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.