Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünliklerimiz täze ýeňişleriň buşlugy bolup jahana dolýar. Bularyň hatarynda Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegini, hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça bu ýurda iş saparyny amala aşyrmagyny halkara ähmiýetli wakalaryň mysalynda görkezmek bolar. Bu şanly wakalaryň sanawynda duran milli Liderimiziň 11-nji fewralda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek hakyndaky Karary bularyň ählisiniň üstüni ýetirýär.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, milli Liderimiz şu ýylyň 7-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde geljek 30 ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň Maksatnamasyna seretmek barada nygtap geçdi. Şu jähetden, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek baradaky başlangyjy hem biragyzdan goldawa eýe boldy. Ýeri gelende belläp geçsek, bu taryhy waka halkymyzyň ýüreginde egsilmez buýsanç, zamana bolan soňsuz guwanç duýgusyny alamatlandyrdy.
Döwlet Baştutanymyz: «Biz öz ýolumyzy tapdyk we şol ýol bilen gyşarnyksyz barýarys» diýip, buýsanç bilen belleýär. Hakykatdan-da, döwletiň ykdysady kuwwatynyň artmagy, gurulýan desgalar, medeniýetiň, sungatyň, ylmyň, bilimiň ýokary derejede ösdürilmegi Watanymyzyň saýlap alan ýolundaky ýeňişli menzillerini alamatlandyrýar. Halk Maslahaty bolsa halkymyzyň jebisliginiň, halk bilen döwletiň mizemez bitewüliginiň nyşanydyr.
Halk Maslahaty — munuň özi milli demokratiýanyň aýdyň dabaralanmasydyr. Oňa ýurdumyzda geçirilýän her bir saýlawlarda, maslahatlarda aňry ýany bilen göz ýetirýäris. Onda her bir raýat öz pikirini, islegini açyk-aýdyň beýan etmäge ukyplydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şöhrata beslenen ýolunda döwletimiz ösüşiň dürli döwürlerini tapgyr-tapgyr geçip gelýär. Bu şanly menzillerde-de milli demokratiýanyň döwrebap esaslary döredildi. Geçen ýyl Milli Geňeşiň iki palataly ulgamyna — Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat parlament ulgamyna geçilmegi bolsa demokratik ösüşiň täze tapgyryny alamatlandyrdy. XVIII asyryň akyldar şahyry Döwletmämmet Azady «Wagzy-Azat» eserinde her bir soragy, hatda iň çylşyrymly soragy hem geňeşmek arkaly çözmegiň zerurdygyny aýdýar. Şonda ähli nogsanlyklar asan bolup, çözülmän galjak düwün bolmajakdygyny nygtaýar. Bu bolsa türkmen döwletiniň geljek üçin möhüm meseleleri halk bilen maslahatlaşmak, geňeş gurmak ýörelgeleriniň öz köklerini has gadymdan, ýagny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny aňry ýany bilen subut edýär.
Atalaryň arzuwyny amala aşyryp, Oguzlaryň köne däp-dessurlaryny häzirki zamanda şöhlelendirýän milli Liderimiz il-ýurt bähbitli amala aşyrýan ähli işlerini halk bilen maslahatlaşyp, geňeşip durmuşa geçirýär. Çünki, bu işlerde tutuş halkyň, her bir raýatyň, her bir adamyň ykbaly ýatyr. Ata-babalarymyzda şeýle nakyl bar: «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz». Işbu gadymy ýörelgäniň dowamy hökmünde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisleri döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň täze usullaryny açyp görkezýär. Şol bir wagtda, parasatly, oýlanyşykly çemeleşmeleriň netijesinde her bir ugurda düýpli işleriň anyk şertlerini kesgitleýär. Garaşsyz döwletimizi 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň möhüm ugurlaryny kesgitlejek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilenine 30 ýyl dolýan döwre gabat gelmeginde hem uly many-mazmun görmek bolýar. Bu bilen baglanyşykly milli Liderimiziň: «Biz Garaşsyz döwletimiziň ykbaly, nesillerimiziň geljegi üçin uly jogapkärçilik çekýäris. Şoňa görä-de, häzir biziň öňümizde şeýle uly wezipeler durýar: biz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemelidiris we düzmelidiris» diýip aýratyn nygtaýar. Hawa, Garaşsyz döwletimizi ýakyn 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi geljekki ösüşli ýollaryň kepili bolar. Munuň özi, aslynda, dünýäniň we ýurduň ösüşinde ykdysadyýetiň barha artýan orny, geljek döwürde bu pudagyň adamzadyň tutuş ösüşindäki ähmiýeti barada oýlanmagymyza uly badalgadyr. Ynsanyýetiň abadançylygyny nazarlaýan ykdysadyýetiň ähmiýeti ähli döwürlerde-de ýokary bolupdy welin, soňky ýyllaryň içinde munuň özi beýik ösüşleriň kesgitleýji şertine öwrülip gidiberdi. Ol häzirki zamanyň ösen ykdysadyýetiniň we ýaşaýşyň özara baglanyşykly täsiriniň barha artyp, şeýle mäkäm baglanyşygyň bir kökene düzülendiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.
Döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyryp, nurly ertirleriň çelgilerini özünde jemleýän ýurdumyzy geljek 30 ýylda ösdürmegiň Maksatnamasyny kabul edip, her bir maşgalanyň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrýan, halkymyzy, il-günümizi agzybirlikde, asudalykda, parahatçylykda ýaşadýan halkyň Gahryman Ogly, milli Liderimiziň Watanymyzyň şanyna şan goşýan beýik işleri ösüşli menzillerde dowamat-dowam bolsun!
Yslam Tyllanurow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ uly mugallymy