«Türkmen alabaýy» atly kitabynda ýazyşy ýaly, türkmen alabaýy dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri saýylýar. Türkmen alabaýy asyrlaryň jümmüşinden gözbaşyny alýan milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Bu milli gymmatlyklarymyz dünýäniň medeni hazynasyna uly goşant goşupdyr. Türkmen bedewine bolşy ýaly, meşhur alabaýyna hem wepaly dost, mährem syrdaş hökmünde seredip, onda görmek isleýän gylyk-häsiýetlerini terbiýeläp bilipdir. Türkmeniň alabaý iti edil onuň aty, halysy, saz gurallary, şaý-sepleri, saryja goýny, ak bugdaýy ýaly il-ýurt mertebesine mertebe goşýar. 2017-nji ýylda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda geçirilen 5-nji Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde hem alabaýyň seçilip alynmagy onuň meşhurlygyny dikeltmekde edilen örän ähmiýetli işleriň biri boldy.
Eýesine wepalylygy, garadan gaýtmazlygy, duýgurlygy, syzyjylygy, akyllylygy, tutuş maşgala agzalaryna hoşgylawlygy, eýesiniň sesini eşidenden onuň näme isleýändigine düşünmegi türkmen alabaýlaryny tapawutlandyrýan esasy aýratynlykdyr. Adamlar awa çykanlarynda, uzak ýaýlalara mal bakmaga gidenlerinde öýleriniň ýa-da goşlarynyň, düşelgeleriniň gapysyna gulp urmandyrlar. Sebäbi olaryň yzynda wepadar goragçylary galypdyr, olara maşgalanyň howpsuzlygy doly ynanylypdyr. Itleriň bar ýerine ýylan, möý-içýanam gelmändir. Gadym wagtlardan bäri alabaý köpekleri sakçy hökmünde peýdalanylyp gelinýär.
Türkmen alabaýy öz täsin häsiýetleri netijesinde ençeme müňýyllyklara uzaýan durmuş synagyndan örän üstünlikli geçdi. Bu gün bolsa ol, hemişe bolşy ýaly, türkmenleriň durmuş ýolunda hemrasy bolup, täze eýýama gadam goýýar, olary köpeltmegiň gadymy däpleri bolsa, ylmyň we seçgiçiligiň, tehnologik işläp taýýarlamalaryň iň täze gazananlarynyň esasynda häzirki zaman görnüşinde dowam etdirilýär.
Durdyýew Agamyrat,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

RU












