“Türkmen bedewiniň milli baýramy” mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda “Türkmeniň uçar ganaty” atly döredijilik bäsleşik sergisi gurnaldy. Bu sergä ýokary okuw jaýynyň halypa mugallymlarydyr, talyp ýaşlary şeýle-de welaýatlarymyzyň dürli künjeklerinde sungat bilen meşgullanýan suratkeşleriň nakgaşlykda, grafikada, heýkeltaraşlykda, amaly-haşam sungaty boýunça ýerine ýetiren eserleri bilen gatnaşdylar. Sergide nakgaş eserleriniň birnäçesinde ahalteke bedewleri gözel tebigatymyzyň bezegi we halkymyzyň gymmatly mirasy hökmünde wasp edilip, al-ýaşyl meýdanda erkin gezelenç edýän pursatlarynda şekillendirilýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýaş talyp suratkeşleri Maksatmyrat Kanyýewiň “Ýaýla”, “Wasp”, Sähra Pirjanowanyň “Körpeje taýçanak” atly nakgaş eserleri, Dawut Abaşowyň “Watançy”, Maksat Bazarowyň “Ärsary baba” atly heýkel eserleri, Leýli Karowanyň “Eýerlik” atly haly eseri, Çemen Kadeýewanyň “Gadamy batly bedew” atly zergärçilik eseri, Arslan Çerkezowyň “Bedew”, Ogulbaýram Hallyýewanyň “Bedew öwüşgini” atly dizaýn işleri we beýleki birnäçe suratkeşleriň biri-birinden tapawutlanýan, ajaýyp eserleri sergä tomaşa etmäge gelenlerde täsirli duýgulary galdyrdylar.
Eserleriň her birinde suratkeşleriň bedewlere bolan çuňňňur söýgüsini, şahsy garaýşyny, belent hormatyny görmek bolýar. Ýaş suratkeş Gurbanmyrat Çaryýarow “Ak ertire ýetiren Gyrat” atly nakgaşlyk eserinde Watanymyzyň geçmişden geljege uly ösüşlerini özboluşly suratlandyrýar. Eseriň merkezini wagty görkezýän sagadyň üsti bilen ikä bölüp, sag tarapda garaňkylykda aýly gijäniň şöhlesine ýagty saçýan gadymy taryhy ýadygärliklerimizi suratlandyrýar. Çep tarapda bolsa, açyk asmanyň astynda, biziň ajaýyp zamanamyzy görkezýän binalarymyzy, ak mermere beslenen Aşgabat şäherimiziň gözel keşbini, al-asmanda parahatçylygyň, asudalygyň nyşany bolan kepderileriň şekilleri bilen sazlaşdyrylýar. Ýaş suratkeş bu eserinde bedewiň keşbiniň üsti bilen Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşyny alamatlandyryp, ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe barýandygyny açyp görkezýär. Allanur Kurbanberdiýewiň “Miras” atly nakgaşlyk eserinde türkmen bedewini behişdi gözelliginiň mysalynda, hakykatdan-da tebigatyň sazlaşygynda we ajaýyp gözelliginde wasp edýär. Eserde ýyly reňkleriň sazlaşygy köp ulanylýar, çägeli düz sähralykda berk, ýyndam, owadan bezelen bedewiň keşbiniň suratlandyrylmagy ähli tarapdan ünsüňi özüne çekýär. Eserde gapdalda türkmen halysynyň üstünde duran milli saz guralymyz dutaryň, şeýle-de türkmenleriň kitaphon halkdygyny äşgär edýän kitaplaryň görkezilmegi umumy taslama bilen utgaşyp, biziň milli mirasymyzy açyp görkezýär. Bedew türkmen halkynyň şatlygynda uçar ganaty, ýowuz gününde öz eýesiniň heserdeşi bolupdyr. Özüniň owadanlygy, ýyndamlygy, başarnygy, şan-şöhraty bilen dünýäni baglan ahalteke bedewleriniň keşbinde türkmen ýigitleriniň merdanalygy, batyrgaýlygy, çeýeligi, her işe türgenligi jemlenipdir. Muny biz Dawut Abaşowyň “Watançy” atly heýkel eseriniň mysalynda hem görüp bilýäris. Ýaş heýkeltaraş Watanyna wepaly, goragçy türkmen esgeriniň keşbiniň üsti bilen, onuň atynyň hem öz eýesine hemişe wepalylygyny, goragçydygyny ýerine ýetiren heýkel eserinde beýan edýär. Umuman Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda gurnalan sergide, irginsiz zähmetiň netijesinde dörän ajaýyp eserlerde, türkmen bedewleriniň waspy ussatlyk bilen görkezilipdir. Bu eserler özüniň owadanlygy, özüne çekijiligi bilen tomaşaçylarda uly täsir galdyryp, türkmen bedewiniň baýramyna suratkeşleriň ajaýyp sowgadydyr.
Tawus Abdyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş
kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby