Oba hojalyk pudagynda tut agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek we olary köpeltmek möhüm ähmiýete eýedir. Tut agaçlaryny ösdürmek ýüpekçilik bilen birlikde, onuň miwesini iýmit we söwda maksatly ýetişdirmek bilen baglanyşyklydyr. Halkymyzda gadymy döwürlerden bäri meşhur bolan bu agajy ösdürip ýetişdirmegiň ykdysady bähbitleri ýeke bir ýüpekçilik we miweçilik bilen çäklenmeýär.
Alymlar tut agajynyň 300 ýyldan 500 ýyla çenli, hatda şondan hem köp ýaşaýandygyny, onuň aýratyn idegi talap etmezden, yssa, guraklyga ýa-da howanyň tiz üýtgemegine çydamly ösümlikdigini belleýärler. Şundan hem görnüşi ýaly, ýurdumyz tut agajyny ösdürmek üçin örän amatly ýer hasaplanýar.
Tut agajynyň miwesi bolan tudanany iýmit hökmünde peýdalanmak Aziýa ýurtlarynda giňden ýaýrandyr. Tudananyň şiresine, onuň kakadylyp we gaplanylyp taýýarlanan görnüşlerine bütin dünýäde isleg ýokarydyr. Dürli elementlere we ýokumlara baý bolan tut ýapragy saglyk üçin örän peýdalydyr. Ol Aziýa ýurtlarynda dürli keselleri bejermekde giňden peýdalanylýar. Alymlaryň bellemeklerine görä, öňümizdäki ýyllarda lukmançylykda, derman önümçiliginde tut ýapragyna bolan islegiň barha artmagyna garaşylýar. Tut agajynyň dermanlyk häsiýeti babatda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem giňişleýin maglumat berilýär. Kitabyň birinji jildinde ak tut agajynyň hem-de gara tut agajynyň häsiýetleri, ýaşaýyş aýratynlyklary, ýaýrawy, tebigy gorlary, dermanlyk häsiýetleri, himiki düzümi we olaryň halk lukmançylygynda peýdalanylyşy barada örän gymmatly ylmy maglumatlar beýan edilýär. Onuň gabygynyň ýara bitiriji, ýapragynyň bolsa bedeni umumy kuwwatlandyrýan serişde hökmünde ulanylýandygy bellenilýär.
Maldarçylykda iým hökmünde ulanylýan tut ýapragy ýokumlylyk derejesi babatda galla görnüşli iýmlere ugurdaş bolup biljek iň möhüm ösümlikleriň biridir. Tut ýapraklarynyň ýüpek gurçugyndan artan galyndylaryny mallar üçin iým önümçiliginde ulanmak mümkindir. Şeýle tejribe Hindistanda giňden peýdalanylýar.
Bilermenler tut agajyny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanmak isleýän telekeçilere onuň gara tudana getirýän görnüşlerine köp üns bermegi maslahat berýärler. Sebäbi soňky ýyllarda gara tudana bolan isleg artýar. Onuň şiresi dürli keselleri bejerýändigi üçin has köp sarp edilýär.
Tudana miwesiniň örän ýumşak bolýanlygy sebäpli, onuň saklanylyş möhleti hem gysgadyr. Şonuň üçin ol terligine, diňe hasyly ýygnalýan döwürde sarp edilýär. Ýöne gara tudanalary sowuk howaly ammarlarda bir aý möhlete çenli saklamak bolýar. Şeýle edilmegi gara tudanany azyk senagatynda peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde diýen ýaly, oba ýerlerinde we ekin meýdanlarynyňdyr çeşme-çaýlaryň ýanynda ösüp oturan tut agaçlaryny görmek bolýar. Çünki eziz Diýarymyzda ýylyň islendik paslynyň howa şertleri tut agajy üçin oňaýlydyr. Tut agajyny ýetişdirmekde ildeşlerimiziň uzak ýyllaryň dowamynda toplan baý tejribesi bolup, ýurdumyzda tutçulygy ösdürmegiň uly ykdysady mümkinçilikleri bardyr.
Yslam Tyllanurow
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Inžiner mehanika fakultetiniň dekany