Durmuş-ykdysady ösüş derejesi boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Dünýäniň ykdysady kartasynda ykdysady ösüşiň dürli derejelerinde gatlaklar emele geldi. Dünýäniň ähli ýurtlary 2 sany deň bolmadyk topara bölünýär. Biri merkez topary, beýlekisi bolsa çet-gyrak toparydyr. Merkez- informasion ykdysadyýetli iň ösen ýurtlardan ybarat. Bu post industrial ýurtlarda ýönekeý industriýa eýýam geçilen etap bolup yzda galdy, indi häzirki zaman belent tehnologiýalar ösdürilýär. Bu ýurtlara “tiz ykdysadyýetli öňbaşçylar” diýilýär. Dünýäniň jemi we senagat önüminiň ýarsyndan köprägi bu ýurtlaryň paýyna düşýärdi. Merkez toparynda öňdäki orunlary ABŞ, Ýaponiýa hem-de Günbatar Ýewropanyň iň iri ýurtlary eýeleýär.

Dünýäniň çet-gyragy iň pes derejede ösen ýurtlaryň köp sanly toparyndan ybaratdyr. Bu ýurtlara “haýal ykdysadyýetli ýurtlar” diýilýär. Informasion ykdysadyýet bu ýurtlary tebigy baýlyk güýç-gurbatynyň we arzan zähmet çeşmeleriniň berýän artykmaçlyklaryndan mahrum etdi. Informasion ykdysadyýetde baýlyk faktorynyň roly uly däl. Baýlyk tygşytlaýjy tehnologiýalar we ýokary derejede intellektual zähmet çet-gyrak ýurtlaryny yza tesdirip, olary halkara bäsleşik ukybyndan mahrum etdi.

Dünýä ykdysadyýetinde bu iki topara girmeýän ýurtlarada gabat gelinýär. Çünki olaryň hojalygynda döwrebapdaşlygyňam, yzagalaklygyňam sypatlary biri-biri bilen utgaşypdyr. Bu ýurtlar “ýarym çet-gyrak” diýlip atlandyrylýan köp sanly topary emele getirýär. Bularyň ykdysadyýeti senagat häsiýetli bolsa-da, asla birmeňzeş däldir.

Dürli sebitleriň we aýry-aýry ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetinde tutýan orny we ýagdaýy birmeňzeş däldir. Her ýurduň dünýä ykdysadyýetinde tutýan ornuny bu ýurduň ykdysadyýetiniň möçberi we ykdysady ösüş derejesi kesgitleýär.

Ýurduň ykdysadyýetiniň möçberi jemi önüm bilen kesgitlenýär. Başgaça aýdylanda bolsa ýurduň näçe önüm öndürýändigi bilen kesgitlenilýär. Jemi önümiň iki sany esasy görkezijisi bolup olar: jemi içerki önüm hem-de jemi milli önümdir.

Jemi içerki önüm – esasy makroykdysady görkezijidir. Jemi içerki önüm ýurtda 1 ýylda ähli öndürilen harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatydyr.

Jemi milli önüm – jemi içerki önümden tapawutlylykda, şol ululyk bolup, oňa daşary ýurtdaky kärhanalarynyň önüminiň gymmatyny goşýar.

Ýurduň dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýy onuň ykdysady ösüş derejesine-de baglydyr. Ýurduň ykdysady ösüş derejesi bu ýurduň ilatynyň jan başyna öndürilen jemi içerki önüminiň möçberi bilen kesgitlenýär. Ýurduň jemi önümi ilatynyň sanyna bölünýär. Şu usul bilen kesgitlenýän görkeziji bu ýurduň hojalygynyň netijeliliginiň beýanydyr. Bu görkeziji boýunça dünýä ýurtlarynyň dünýä ykdysadyýetindäki orny bellenilýär.

Emma bu görkeziji ýeterlik ygtybarly däldir. Bir ýurtda işlemeýän ilatyň paýy köp, beýleki bir ýurtda – az bolup biler.

Ýurduň ykdysady ösüş derejesini takyk häsiýetlendirýän görkeziji – zähmet öndürijiligidir, çüňki ol ýurduň hojalygynda işleýän her bir adamyň zähmetiniň ahyrky netijesini görkezýär.

Nurana MUHAMMEDOWA,

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.