Türkmen halky müňýyllyklaryň tejribesinden geçen, hormat goýýan ýörelgeleri, gymmatlyklary bilen geljek nesli terbiýeleýär, bu gymmatlyklary edebi döredijiligine siňdirip, olara baky ömür bermäge çalyşýar. Şol ýörelgeler milli mirasa siňip, halkyň ýüzüniň tuwagyna öwrülen, halk hökmünde öz milliligine buýsanmaga esas döredýän gymmatlyga öwrülip galýar. Bu günki günde «türkmençilik» diýlen düşünjäniň özenine — hamyrmaýasyna öwrülen durmuş ýörelgämizde şol gymmatlyklar esasy orny eýeleýär. «Geçmişi bolmadygyň, geljegi bolmaz» diýýän halkymyz öz milli mirasyny gorap, nesillere geçirip, durmuş mekdebine öwürmegi başarypdyr. Atalar sözleriniň, nakyllaryň, yrym-ynançlaryň üsti bilen, ýaş nesle akylly-başly bolmagy, päkizeligi, halallygy öwredipdir. Gymmatly ýörelgä we milli däp-dessurlara öwrülip galan durmuş tejribeleri bolsa arassa, halal, sagdyn ýaşaşyň gönezligini kemala getiripdir. Ata-enelerimiziň pähim-paýhas mekdebi şu günki günlerde hem ýaş nesillere ýol görkezip gelýär.

Her bir türkmen maşgalasynyň,mahlasy, islendik türkmen raýatynyň çaga terbiýesi babatda jogapkärçiligi örän uludyr. Terbiýeçilik işinde pederlerimiziň ruhy siňen medeni we edebi mirasymyza, köpöwüşginli we baý milli gymmatlyklarymyza, asylly däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, döwletli ýörelgelerimize daýanmak bilen, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarda milli aňyýetiň berk binýadynyň esaslaryny kemala getirmek ilkinji wezipeleriň biridir.Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halkymyzyň durmuş tejribesine daýanýan kämillik ýörelgelerimiz barada köptaraplaýyn we täsirli söhbet açylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, islendik terbiýeçilik işiniň gönezliginde milli mazmun, milli öwüşgin bolmaly. Şahsyýetiň aňynda milli ruhuň gymmatlyklary, ýörelgeleri kemala gelip, goýazylaşan halatynda onuň öz halkynyň hakyky perzendi bolup ýetişjekdigi gümansyzdyr. Ata Watanyňa, göbek ganyň daman topragyňa, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň nesillere galdyryp giden maddy we ruhy gymmatlyklaryna, medeni mirasymyza bolan söýgi, guwanç, buýsanç hem mähir duýgulary öz-özünden, tarp ýerden döremeýär. Bu mukaddes söýginiň, guwanç hem buýsanç duýgularynyň köki-damary maşgala terbiýesinden hem görüm-göreldesinden, milli ýörelgelerden gözbaş alýar. Halkymyzyň döwletli ýörelgeleri, maşgala gatnaşyklary, däp-dessurlary, edep-ekramdyr edim-gylymlar müňýyllyklaryň dowamynda has-da kämilleşipdir.Bu gymmatly we döwletli ýörelgelerimiziň häzirki günlerde-de dowamat-dowam bolup gelýändigi guwandyryjy hakykatdyr.

Altyn GURBANMÄMMEDOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby