4-nji iýunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu iri taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi babatda degişli ýolbaşçylar bilen maslahat geçirdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 28-nji maýynda hormatly Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň çäklerinde gurluşyk taslamasynyň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alşyp, birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde degişli ýolbaşçylar bilen türkmen gurluşykçylaryny hünär taýdan kämilleşdirmek, olaryň ösen döwletlerden bolan hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaklaryny guramak maksady bilen, täze döredilen Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti tarapyndan bu ugra degişli hünärmenlerden, gurluşykçylardan ybarat topary döredip, Wýetnama iş saparyna ugratmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklar üçin zerur bolan mermer daşlaryny ykdysady taýdan amatly ýagdaýda getirmek maksady bilen, dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür düzümleri, şol sanda Wýetnamyň önümçilik düzümleri bilen mermer daşyny almak we hünärmenleri okatmak boýunça degişli gepleşikleriň geçirilendigini habar berdi. Türkmen gurluşykçylarynyň hünär derejesiniň we tejribesiniň ýokarlandyrylmagy meýilleşdirilen gurluşyklaryň ýokary hilini hem-de olaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegini üpjün eder.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy, şolaryň ýerli tebigy-howa şertlerine we ýokary ekologik kadalara, bildirilýän beýleki talaplara, hususan-da, milli bezeg aýratynlyklaryna doly laýyk gelmegi häzirki günüň möhüm talaby bolup durýar. Şunda gurluşykçylaryň hünär taýdan kämilleşmegine wajyp orun degişlidir.

Aýsoltan Berdiýewa

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň

Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymy