Meksikada arheologlar köşkleri, piramidalary we meýdançalary bolan maýýalaryň gadymy şäheriniň harabalyklaryny tapdylar diýip, The Guardian ýazýar. Deslapky çaklamalara görä, ol bu ýerde 600-den 900-njy ýyl aralygynda ýaşapdyr.

Harabalyklar, Ýukatan ýarym adasyndaky Meridan şäheriniň golaýynda senagat seýilgähini döretmek boýunça işleri alnyp barylýan gurluşyk meýdançasynda tapyldy.

Arhitekturada VII—X asyryň (987-1194) nusgawy Maýa döwrüne mahsus bolan puuk stiliniň aýratynlyklaryny yzarlap bolýar. Ol ýarym adanyň günortasyndaky gazuw-agtaryş işlerinde köplenç düş gelýärdi, ýöne Meridanyň golaýynda seýrek boldy.

Arheolog Karlos Peraza: “Biz bu ýerde dört müň adam ýaşandyr diýip pikir etýäs. Olar dürli jemgyýetçilik gatlaklarynyň wekilleri bolupdy. Ruhanylar we kanunçylar köşklerde, ýönekeý adamlar bolsa kiçijik binalarda ýaşaýardy” -diýip arheolog Karlos Pareza gürrüň berýär.

Şirhan TUWAKOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.