Ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň onlarça döwleti, ägirt uly tejribä hem-de dürli ulgamlarda öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Şonuň bilen birlikde, abraýly halkara maliýe düzümleri bilen özara gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler bar. Bu hyzmatdaşlygyň çägi yzygiderli giňeldilýär, onuň şertnamalaýyn-hukuk binýady pugtalandyrylýar. Biziň ykdysady we söwda hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklarymyz täze ösüşe eýe bolýar, dürli derejelerde gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.

Häzirki döwürde ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň netijeli guraly hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde sebit hem-de sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ulag ulgamy halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Bu babatda Türkmenistan işjeň orny eýeleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň biragyzdan kabul eden degişli Kararnamalary hem bu başlangyçlaryň uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Diýarymyz şu mesele boýunça garaýyşlaryny kesgitlemek bilen, diňe bir yklymlaýyn däl, eýsem, umumy dünýä işlerinde hem Merkezi Aziýanyň möhüm orny eýeleýändigi baradaky hakykatdan ugur alýar. Türkmenistan «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça gatnaw ýollarynyň strategik çatrygynda, häzirki wagtda dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde amatly ýerleşmek bilen, halkara köp şahaly ulag-üstaşyr hem-de logistika düzümini döretmek boýunça giň möçberli taslamalaryň başyny başlaýar. Hazar deňziniň, Gara deňziň, Ortaýer deňziniň we Baltika sebitiniň, Günorta we Günorta — Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň deňiz menzillerine, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna çykmak arkaly Ýewraziýa giňişligini öz içine almak bilen, olar hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşiniň döredilmegini şertlendirýär. Şol hyzmatdaşlyk bolsa milli we umumy bähbitleriň deňagramlylygyna esaslanýar hem-de ählumumy geoykdysadyýetde täzeçe pikirlenmegiň aýdyň mysaly bolup durýar. Şeýle utgaşykly ulgam uly möçberdäki ýükleriň daşalýan wagtyny azaltmaga hem-de geçilýän ýoly ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik bermek bilen, Aziýanyň we Ýewropanyň döwletleriniň arasyndaky ykdysady hem-de söwda hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam eder.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine ýardam etmelidir. Türkmenistan Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda amatly ýerleşmek bilen, sebitiň we tutuş yklymyň ähli döwletleriniň bähbidine özüniň üstaşyr ulag kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde utgaşykly sebit hem-de sebitara logistik ulgamlary döretmek, Merkezi Aziýa bilen Ýewropany, Hazar, Gara deňizleri, Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan döwletara üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar.

Hazarýaka ýurtlaryň bäşisiniň çägi Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrýan hem-de üstaşyr ulag, söwda geçelgeleriniň netijeli işlemegini, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýük daşalmagynyň kadalaşdyrylmagyny üpjün edýän geografik giňişlik bolup durýar.

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy energetika, senagat, ulag, söwda ýaly ugurlarda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge esaslanýar. Häzirki wagtda Hazar deňziniň ýalpaklygyndaky we kenarýaka zolagyndaky uglewodorod serişdeleriniň gorlarynda netijeli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde deňiz ýakasynda uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemek hem-de ondan dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri, ýagny mineral dökünleri, polimerleri, nebit önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça zawodlar gurulýar.

Türkmenistan deňizýaka ýurtlaryň bäşisiniň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän anyk teklipleri yzygiderli öňe sürmek bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, Hazar sebitiniň ägirt uly tebigy serişdeler, üstaşyr ulag, energetika we senagat kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň tarapdary bolup çykyş edýär.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ýurdumyzyň halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilmelidir. Hazaryň sebitleýin logistika merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan, şol sanda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça (Lapis Lazuli) täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek we netijeli ulanmak ulgamynda goňşy döwletleriň bilelikdäki işini utgaşdyrýan düzüm bolmalydyr.

Ýupar EGIRJÄÝEWA,

Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyñ Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby