Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Tebigy gazyň tassyklanan gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyz häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde «mawy ýangyjy» iberýän esasy döwletleriň hataryna girýär.
Dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary geljegi uly türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga, ýurdumyz bilen uzakmöhletleýin esasda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär.
Özüniň geosyýasy taýadan amatly ýerleşýändigi hem-de uglewodorod serişdelerine örän baýdygy netijesinde, ýurdumyz ýewropa we aziýa bazarlaryny hem öz içine alýan dürli ugurlar boýunça gazy eksport etmegi artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Muňa Türkmenistan-Hytaý halkara gaz geçirijisi aýdyň subutnamadyr, onda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny müňýyllyklaryň dowamynda baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek taglymlary öz beýanyny tapdy. Döwletara ylalaşyklaryna laýyklykda, ýakyn geljekde türkmen gazynyň HHR-e iberilýän möçberleri 65 milliard kubmetre ýetiriler. Bu iri energetika desgasynyň dördünji şahasyny gurmagyň taslamasy ýokary depginlerde işlenip taýýarlanylýar.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň hünärmenleriniň öňünde pudagyň serişdeler binýadyny pugtalandyrmak, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki we kenarýaka zolagyndaky, Amyderýanyň kenarlaryndaky, Merkezi Garagumdaky nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegiň hasabyna baýlaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler durýar.
“Galkynyş” gaz käni ýokary depginlerde özleşdirilýär, garaşsyz bilermenler toparynyň maglumatlaryna görä, Ýaşlar we Garaköl ýataklary bilen bilelikde häzirki wagtda onuň gorlary 27 trillion kubmetre deňdir. Bu ýerde ýylda 30 milliard kubmetr harytlyk gazy öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy ulanmaga berildi, şeýle kuwwatlyklara eýe bolan beýleki toplumlar gurulýar, olar gurluşygy dowam etdirilýän TOPH gaz geçirijisini “mawy ýangyç” bilen üpjün eder. Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäklerinde täze uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny gözlemek uly gyzyklanma döredýär. Ulanylýan känlerde 7 kilometre çenli çuňlukda ýerleşýän gatlaklaryň öwrenilmegine gönükdirilen geologiýa-gözleg işlerine gaýtadan girişildi. Hususan-da, ýurdumyzyň günbatarynda häzirkizaman enjamlaryny hem-de programma üpjünçiligini ulanmak arkaly Goturdepe ýatagynda 3D seýsmiki barlaglary geçirildi. Indi şeýle 3D seýsmiki barlaglar Barsagelmez ýatagynda 345 inedördül kilometr meýdany gurşap alar. Mundan başga-da, “Darja” çäginde 2D usulynda seýsmiki gözleg işleri geçiriler, ol 870 pagon kilometr çäkde ýerine ýetiriler.
Yslam ANNAMUHAMMEDOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 2-nji NGDSG hünäriniň talyby

RU












