Önümçilik işleriniň mehanizasiỳasynyň ösmegi zähmet öndürijiliginiň ỳokarlanmagyna, önümiň özüne düşỳän gymmatynyň arzanlamagyna, täze tehnologiỳanyň yzygiderli ornaşdyrylmagyna ỳardam edỳär.
Ylmy-tehniki ilerlemäniň ykdysady netijeliligi ozaly bilen täze tehnikany önümçilige ornasdyrmagyň netijesi bilen baglydyr. Ulanylỳan tehnikalar fiziki we moral könelmegi netijesinde önümçilikden çykỳarlar.
Tehnikanyň fiziki taỳdan könelmegi diỳilip tehnika önümçilikde bir naçe ỳyllap ulanylyp döwülỳär. Ony düỳpli dikeldip (remont edip) ulanmak bolsa ykdysady taỳdan peỳdasyz bolỳar hem-de hojalygyň hasabyndan çykarylỳar (spisat edilỳär). Ỳöne şol tehnikalary kada (norma) boỳunça ulanylmaly möhletden öň hasapdan çykarmaklyga rugsat edilmeỳär.
Tehnikanyň moral könelişi diỳilip – önümçilige has öndürijilikli we az ulanyş harajatlaryny talap edỳän täze tehnikanyň ỳaỳramagy netijesinde öňki bar bolan işe ỳaramly tehnikanyň hojalygyň hasabyndan çykarylmagyna aỳdylỳar. Tehnikanyň fiziki we moral könelişi oba hojalygynda tehniki ilerlemäniň esasyny düzỳär.
Önümçilikde tehniki ilerlemäniň ykdysady netijesinde zähmet öndürijiliginiň artmagy, ulanyş harajatlarynyň azalmagy (tygşytlanmagy) deňesdirme ỳagdaỳyna getirilen harajatlaryň minimallygy, taze tehnika maỳa goyumlaryň köne kysymly tehnika garanyňda özüni ödejek wagtynyň az bolmagy ỳaly esasy görkezijiler bilen kesgitlenỳär. Bu görkezijiler şol oba hojalyk işini ỳerine ỳetirmäge niỳetlenen täze we köne kysymly tehnikalaryň ortaça sanyna kesgitlenỳär. Soňra bolsa bu görkezijileri alynjak täze tehnikanyň sanyna köpeldip jemi ykdysady netijelilik kesgitlenỳär.
Ornaşdyryljak tehnikanyň, tehnologiỳanyň dürli usullaryna baha berilende deňeşdirme ỳagdaỳyna getirlen harajatlaryň iň minimumyna (azyna) salgylanylỳar.
Tehniki ilerlemäniň ykdysady netijeliliginiň deňeşdirme derejesi alynjak umumy (absolỳut) netijäni köne kysymly tehnika wagtyndaky harajatlara deňäp kesgitlemeli.
Sähetmyradowa Meňli,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
talyby Sähetmyradowa Meňli