Türkmenistan döwletimiz özüniň bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolmak bilen, dünýä döwletleri bilen ygtybarly hem-de netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa, ilkinji nobatda, özara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna, ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe barýan döwletimiziň halkara derejede ornuny berkitmäge uly ýardam edýär.

Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ählumumy howplaryň öňüni almak, bu babatda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem gurama agza döwletleriň arasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýlen filosofiýanyň ornuny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, degişli Kararnamany işläp taýýarlamak boýunça oňyn başlangyçlar öňe sürüldi. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan degişli Kararnamanyň kabul edilmegi aýratyn ähmiýetli wakalaryň biridir.

Syýahatçylygyň merjeni hasaplanýan «Awazada» Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn duşuşygynyň geçirilmegi gatnaşyklaryň täze hil derejesine eýe bolýandygyny alamatlandyrdy. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan Ýewraziýa yklymyna ulag-üstaşyr geçelgeleriň çatrygynda ýerleşýär. Ulag ulgamyndaky, energiýa serişdelerini ygtybarly geçirmekdäki möhüm ornuna esaslanyp, Türkmenistan birnäçe oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýär. Sebit we halkara derejede öňe sürülýän başlangyçlar her bir döwletiň bähbitlerini nazarda tutýar. Strategik hyzmatdaşlygyň esasynda Türkmenistan Azerbaýjan, Türkiýe Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýýar. Şunda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň ähmiýeti örän uludyr. Arkadagly Serdarymyzyň halkara duşuşyklarynyň birnäçesinde öňe süren başlangyçlary esasynda, bu üç döwletiň ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça hem ägirt uly mümkinçiliklere eýedigi birnäçe gezek tassyklanyldy. Ýewraziýa yklymyna, şeýle hem Gara deňze çykalgany üpjün etmekde şeýle duşuşyklar möhüm orny eýeleýär.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň hyzmatdaşlygy özara bähbitlere laýyk gelmek bilen, Ýewraziýanyň sebitlerinde, ählumumy möçberde abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge, goramaga ukyplydyr. Türkmenistanda ýokary derejede geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň üç halkyň netijeli hyzmatdaşlygynyň senenamasyna täze taryhy waka bolup ýazyljakdygy şübhesizdir. Halklaryň bähbidine gönükdirilen beýik işleri üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Güljemal AMANMURADOWA,
Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby