Iň gadymy hytaý hat-ýazuw ýadygärligi miladydan öňki XIV-XI asyrlara degişli bolup, ol In döwrüniň täleýnamasydyr. Alymlar ol has ir ýüze çykandyr diýip çak edýärler.
Hytaý hat-ýazuwynyň gadymy nusgalary biziň günlerimize ýeterlik derejede ösen ýagdaýda gelip ýetipdir. Üstesine-de, gadymy hytaý hat-ýazuwy tipologik nukdaýnazardan, häzirki zaman iýerogliflerinden kän bir tapawutlanmaýar. Hytaý elipbiýi hytaý dili bilen bilelikde ösüpdir.
Miladydan öňki I we II asyrlarda iýeroglifleri ýazmagyň täze usuly ýüze çykyp, ol häzirki döwrüň hatyna meňzeş hasaplanylýar. Miladydan öňki I müňýyllykda hatlar ýüpek matalara ýazylypdyr. Hatlar agaç ýa-da bambuk tagtajyklarynyňýüzüne çotgajyklar bilen hem ýazylypdyr.
Metaldan ýasalan pyçaklar, köplenç bozguç hökmünde ulanylypdyr. Miladydan öňki II asyrda ýaşap geçen Saý Lun kagyzyň taýýarlanylyşy we kämilleşdirilişi barada ýazypdyr. Kagyzyň peýda bolmagy bilen, hatlar indi kagyzyň ýüzüne ýazylyp, öňki serişdeler ulanyşdan galyp başlaýar.

Gurbandurdy KAKAJANOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk uniwersitetiniň, Gidromeliorasiýa fakultetiniň  2-nji ýyl talyby.