Tebigy gurşawy goramak diýip, tebigy baýlyklary abat saklamagyň we yzygiderli köpeltmegiň, olary rejeli peýdalanmagyň, adamyň ýaşaýan gurşawynyň hilini gowu-landyrmagyň esasynda jemgyýetiň we tebigatyň özara gatnaşygynda ekologik we yk-dysady bähbitleri utgaşdyrmagy üpjün etmäge gönükdirlen döwlet we jemgyýetçilik çäreleriniň ulgamyna aýdylýar.
Tebigy gurşawy goramak düşünjesi tebigaty goramak düşünjesi bilen many-daşdyr. Tebigaty goramak düşünjesi:
– häzirki döwürde ýaşaýan we geljekki nesilleriň maddy hem-de medeni isleglerini kanagatlandyrmagy;
– tebigy baýlyklardan rejeli, aýawly peýdalanmagy, goramagy, dikeltmegi öz içine alýar.
Şeýlelikde, adamyň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen daşky gurşawy hapalanmakdan goramak üçin döredilen halkara we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan durmuşa geçirilýän köptaraplaýyn çäreleriň ylmy ulgamyna tebigaty goramak diýilýär.
Ylmyň-tehnikanyň pajarlap ösýän häzirki döwründe tebigata, onuň baýlyk-laryna adamzat jemgyýetiniň täsiri artýar. Ol daşky gurşawda özgerişi we tebigy baý-lyklaryň gorunyň (janly-jandarlaryň görnüş sanynyň) azalmagyny çaltlandyrýar. Netijede, tebigatda bolup geçýän sazlaşykly gatnaşyklaryň arasynda näsazlyklar döre-ýär. Şönuň üçin, tebigy gurşawy goramak, tebigy ekoulgamlary asyl nusgasynda saklamak we onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak zerurdyr. Bu çäreleriň hemmesi häzirki ýaşaýan adamlaryň we geljekki neslleriň bähbidi üçin geçirilmelidir.
Tebigat – ýagty jahanyň materiallaşan böleginiň gurşawy bolup, ol adamlaryň çig mala we ruhy baýlyga bolan islegini kanagatlandyrýar. Adamzat hem tebigatyň şol materiallaşan tebigy agzasynyň biridir. Onuň ýaşaýyş-durmuş işjeňliginde aň-dü-sünjesi we daşky gurşawyň hadysalaryna bolan nazaryýet hem amaly garaýyşlary taplanypdyr. Bu adamzat jemgyýeti bilen tebigy gurşawyň arasynda bitewilik gat-naşygynyň bardygynyň subutnamasydyr.
Tebigy gurşawyň kanunlary adamzat jemgyýetindäki özara gatnaşyklara gös-göni täsir edýär. Olary amaly taýdan öwrenmeklik zerurdyr. Çünki, ol adamzat jemgyýetiniň işjeňliginden gelip çykýan islenilmedik täsirleri öňünden duýdurmaga, azaltmaga, ekologiýa meselelerini çözmäge we halk hojalygynyň pudaklarynda önümçiligi durnukly ösdürmäge, adamzadyň amaly işlerini tebigat bilen sazlaşykda alyp barmaga mümkinçilik berýär. Bu tebigatyň baýlyklarynyň adamzat jemgyýeti üçin taryhy, ylmy, saglyk, gözellik, çeperçilik, terbiýeçilik, arassaçylyk ähmiýetli-digini görkezýär.
Türkmenistan döwletinde tebigaty goramak syýasatynyň esasy maksady hakyky iş ýüzünde ýurdumyzyň baýlyklaryny gorap saklamakdan, olary rejeli peýda-lanmakdan, daşky gurşawda ekologiki deňagramlylygyň bozulmagyny çäklendirmek-den, tebigatyň hapalanmagynyň hem zaýalanmagynyň öňüni almakdan, jemgyýetde adamlaryň ekologik taýdan howpsuzlygyny, erkin zähmet çekmeklerini, dynç almak-laryny, şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesliň maddy we medeni isleglerini talaba laýyk ka-nagatlandyrmakdan ybaratdyr.

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby
Gurbanowa Ogulgerek