Watan
Men seň adyň daşap , asyrlarmyza
Hem saçym şemalňa aşyk meň, Watan.
Söz berip tugumyz gaçyrmazlyga ,
Sözün tutan şahyr, joşup men Watan.
Göge galsam, baş harpyňy bellämde,
Bulutlaryň leblerinden ellämde,
Dür göterip, gaş kakmaga göwrämde,
Arşyň ýedi gatyn aşyp men, Watan!
Kebelekli merdiwanňy bökjekläp,
Saçlarmyň tellerni elimde epläp,
Ýetmiş müň äleme gulsem jak- jaklap,
Seň türkmen heňiňe sadyk men, Watan!
Gül dökülsin arabadan gujagňa,
Bal dökülsin dabaradan ojagňa,
“Şahyryň watany” diýip, güjeňle,
Sensiz bir jülgede gädik men , Watan!
Şabaz atlaň baz oýnaşar , näz bilen,
Güller gökde gapaksyz sonarlanar,
Öýmämi ýel oýnar- ýerden ýaz galar,
Dessanlarňa büdrän aşyk men , Watan!
Dünýä sygman, köňle sygan hoşuňa,
Anbar saçyp töweregňe- daşyňa,
Bal gatyp ilimiň döwlet aşyna,
Seniň huzuryňa sadyk men, Watan!
Garagum
Dag, deňizler, derýa , çöller sende bar,
Çomuçly ýaýlalaň- heňňam ýadygär,
Her zerräňde säher täze gün dogar,
Asly nurdan ,zerresi bal, Garagum.
Magtymgulyň jümlesine deň bolup,
Gollarynda heňňam bolup, heň bolup,
Ýansam sende gyzgyn- gyzgyn şem bolup,
Asly nurdan, degresi gül Garagum.
Waspyň çalan görkli sazyň bolaýyn,
Ýaýlalaňda guba- gazyň bolaýyn,
Her zerräňde seniň özüň bolaýyn,
Asmany çuň, begresi dem Garagum.
Asmana çekilgi gülden rişdäň men,
Magtymgulyň jümlesi deý keşdäň men.
Mejnun çölleň düňlesi deý , teşnäň men,
Asly nurdan, sagrysy giň , Garagum.
Enem ýaly ýumşak, atam deý agras,
Geýmişsiň egniňe gülden gök begres,
Çomuçda bal suwuň, jerenleň sermest,
Asly nurdan, gaýmagy ten , Garagum!
Adyň beýik, özüň beýik erkdensiň,
Arşy agladansyň, ruhsuň, kökdensiň,
Seniň özüň türkmensiň sen, türkmensiň,
Asly nurdan, ruhy merdem Garagum!
Sen maňa gül iýberipsiň…
Sen maňa gül iýberipsiň…
O gül kökün urar maňa,
Sen maňa gül iýberipsiň,
O gül ýaly oralmaga, saralmaga,
Gurşamaga…
Gözýaşlarmy seň ýüzüňe çaga ýaly çyrşamaga
Sen maňa gül iýberipsiň…
Ganatly gül, reňki dürli…
Sen maňa gül iýberipsiň-
Bildirip dur meňkidigi…
Sen maňa gül iýberipsiň,
Köki gökde, daly – damar,
Hut eziz ol- haly- habar.
Barmaklarmyň arasynda akyp ýatan ýüpek ýaly,
Säher kölüň üstün basan dumandan bir gapak ýaly,
Sen maňa gül iýberipsiň – gyzyllary şapak ýaly.
Sen maňa gül iýberipsiň – reňkinden doýup bolmaýar,
Gapdalda goýup bolmaýar…
Käsämdäki çaýyň reňki – ýaňaklarynda oýnaýar…
Obamyň läle- reýhanyn ýatladyp, gül iýberipsiň!
Sowuk ülkede meýhanaň gijelerine güýmenip-
Sen maňa gül iýberipsiň…
Sen maňa gül iýberipsiň:
Iýberäýmänsiň- aýralyk…
Görmesem, setan – seýranda,
Derwüş kädiň keşdeleri –
Bar meniň hem çal öýmämde…
Ah, şalyma şemal çolan derdiň bilen öwrülipsiň-
Düýşümdemi, huşumdamy – sen maňa gül iýberipsiň…
Gijäniň seçeklerine basan halym- belki-de-ol,
Ýüregiňi diňe maňa- açan halyň belki-de ol?!
Ýa belki gowakda galan gussalaryň- teňlenipsiň…
Ýa ölümden eýmenipsiň-
Sen maňa gül iýberipsiň?!
Aldym!..
Ukyň arasynda,çatrygynda, çäresinde,
Janyň jan bolýan çagtynda,
Aňyň ä:m bolýan çagtynda…
Reňkin dökýän älemgoşar – sähel wagt küýlenipsiň!
Ýyllardyr garaşyp ýördüm –
Sen maňa gül iýberipsiň!
Kiçi peýzaj
“…kyrt, kyrt’ ädik sesi gelýär kenarda,
Doň kölüň üstünde göýä, men durun…
Aý girip bilenok,
Suw doň,
Çapgyn ýel…
Köl gapysyn ýapdy suwa doňduryp…
Tirsegin çapdyryp, agaçlaň goly,
Ýarym suwda, ýarym daşarda galan…
Her gije kölüne suwa düşýän aý,
Nagyşly tozgasyn üfläp,
Bu gije ýeliň jürlewajyn elinden alyp,
Misli zyňaýjak ýaly…
Görnüşe syn edip – men durun…
Aý girip bilenok,
Köl üsti tukat,
Typawaç meýdança girjek bolýany,
Ah aýýý, ýürek doňdy,
Sen indi suwa düşüp bilmersiň…
Yns- jyns ýok,
Diňe bir suwa düşmäne mapraç ýaly aýy synlap,
Ýene- de gar tozgasyn üfläp, diňe men durun…
Gorky
Öňler bahar gelmez öýdüp gorkardym,
Gorkardym: guzular mälemez öýdüp,
Öňler ejem gülmez öýdüp gorkardym,
Dymar öýdüp…
Meniň ejem nalamaz…
Öňler aýdymlarym güller hakdady,
Saçymda ak goýan ýyllar hakdady,
Ýöne…
Paşmadyk söýgüme taňry ýalkasyn,
Ol maňa öwretdi köňül bermegi,
Ynsana däl, hut galama erk edip,
Öňler “yşgym halkasyndna azaşyp,
Basym halat geler öýdüp,gorkardym”
Aslynd abiriniň ýerine geldim,
Uçma giden guşum nirde, gör hatar.
Öňler nije aýralykdan sowruldym,
Meger ýürek şol sebäpli gorp atar,
Öňler jigilerim hem kiçijikgedi,
On sekiz ýaş, oglanlara jort atar…
Ejemiň mellegi dünýäň kartasy,
Iň ullakan ylym-bir şol kartadyr.
Öňler “yşga degmek bolmaýar” diýip,
Uzaklardan el uzadyp, gorkardym…
Gorkardym : “oň nury gaçmasyn” diýip…
Yşgy dile getirmäge gorkardym,
“Ýazan şygyrlarmy görerler” diýip,
Ak mekdebe götermäge gorkardym…
Gorky ýürekleri mukaddesleşdirer,
-yşgy ýitirmezlik, gorkynyň işi,
Okardym gysymma gysyp dogasyn,
Ýat tutardym olaň her bentlerini…
Gorkardym: “Ejemsiz ýaşap bormy heý?”
Orksaň hem ejeler gidäýýär eken:
Uzalmaklyk üçin perzentleň ýaşyn…
Erkek dogan
Erkek dogan suwjuk bolmaz,
Ýüregi hut çelpek dogan.
Barsam, gaýtsam ýollaryma,
Sözüň bilen gül dök dogan.
Bir mahallar batbörege
Çolaşardy galpak dogan,
Diýme maňa: “sözüň çuň däl”
Aýna ýaly ýalpak dogan!
Mündirer “sürerdiň ulag”
Bizi şonda galtak dogan.
“Geldi- gelmedi” diýmäwer,
Gözde gizläp, çylpyk dogan.
Süýji geplemersiň bilýän,
Şonda- da ýürek dok dogan,
Seň kalbyň aňyrsy umman,
Garramawer entek dogan,
Erkek dogan, erkek dogan…
Elekli biri
Göwnümiň gussasy bir agaçmy ýa,
Sallanyp dur, ýüregimiň içine?
Häzir ýagyş ýagýar,
Ejem mellekde,
Damjalar şeýlebir degýär üçege:
Galmagaly gulaklarňy ker etjek,
Damjalaň halkasy şeýlebir iri:
Göýäki ummany içine guýup,
Jennetde aýlanýar elekli biri…
Bulutlaň hem üsti eleme- deşik,
Gapyrga- gapyrga tilleň simleri,
Belki- de damjalar üstüne düşüp,
Saýradýandyr, bähre suwsan dilleri.
Gerilgi asmanyň älemgoşary,
Ýok derdi- haýasy ýalaňaç gülleň.
Ejem mellekdäki ýorunja girip,
Ýumruk ýaljak bolup, çykanok şindem…
Tagtda oturjak- da höküm bolaýsa,
Otagasy kristally indýuklar,
Damjalaň “pat- paty” güňläp howada,
Gürlempaç oýanaýan ýaly, hendekler.
Ah nakgaş däl meň hünärim näme üçin:
Tebigatda ýanýar yşgymyň dini…
Bu epizod şeýle soňlanýar ýene:
Jennetde aýlanýar, elekli biri…
EJEME
Ýukajyk geýimde, galyp pederden,
Aňzagyň bahara ýazan günleri.
Daňdan turup, gök satmaga giderdiň,
Ýumruk ýaljak bolup, bazar günleri.
Joýa –joýa elleň titrär durardy,
Halta gök otlary dykyp gideňde.
“Kakam bolsa, beýle bolmazdy”-diýip,
Her gezek aglardym, çykyp gideňde.
Her daňdan üşämde ýadyma düşýär,
Gysmyljyrap, aglaýaryn pejiňe.
Hem: “Oglum üşäýse näderkäm?”-diýip,
Meňzäp barýan “halta ýükli” ejeme.
Şindi- şindem gidip barşyň ýadymda,
Ýatlamalar hakydama sürünýär:
Aşagynda gök dykylan haltanyň,
Ýumruk ýaljak bolup, çala görünýän…
“Sen üşänsiň” diýip, ýygryp göwrämi,
Çoýunýaryn gor ýaljak, şol pejiňe.
“Oglum üşäýmesin…”üstün basyryp,
Meňzäp barýan, “halta ýükli”ejeme.
Gitme diýip, elleriňe ýapyşsam,
Diýerdiň : “Ot bar ahyry aňyrda”
Ot indi ýaşaýan ýerin çalyşyp,
Şol ýanyp dur aglamjyrap, bagyrda.
Sen gidýäň, biz bolsa, galýas yzyňda,
Gysmyljyrap, ýakyp giden pejiňe…
Her säher özümem işe gidemde,
Meňzäp barýan “halta ýükli” ejeme.
Garly gije
“Şu garyň öz owazy bar, bilýäňmi?
Bilýäňmi, şo günem ýagypdy, şeýle…
Ony diňlemeli diňe güň ýaly,
Paşmadyk söýgi deý, heňleri eýmenç…
Eşidip bolmaýan süýji söz ýaly,
Eräp gidýärdi oň, ýary howada”
…Sen maňa şonda bir bakypdyň gamly,
Hem üfläp goýberdiň,
Gary howada…
“Sen maňa şeýlebir süýji söz diýdiň,
Pyşyrdymy…
Garmy…
Tutup bilmedim…
Dünýä meşhur boldum,
Tanaldym gökde,
Emma oň hetdine ýetip bilmedim…”
“Sen maňa şonda bir jümle aýdypdyň,
Ýary gar deý eräpdi oň gijede…
Şu garyň öz owazy bar, bilýäňmi?”
Gar ýaly ýumşadyp,
Bal deý süýjedip…
Jogapsyz sorag
“Gelermiň, gelmezmiň, bilip bilmeýän,
Penjiräň düýbüne kakylan ýaly
Barmagym “hat” çyzýar, damyp diňmeýän,
Ýagmyryň köküne sapylan ýaly…
Aýna garşy ýüzümdäki pursatlar,
Olar bu göwrämiň gyzgyn maskasy…
Häzir sen geläýseň,
Aýnaň daşyndan:
Bar zat başga, hat-da ýüz hem başgady…
“Agladyňmy?”
“Ýok, ýok, aýdýanyň näme?”
Aýdýan zatlaryňy gülüp diňleýän…
Bu yşk saňa bolsa, onda näme üçin,
Başga keşbe geçip diýýän:
“Küýsemen”
Bilip bilmeýän!”
ULY ŞÄHERLERDE
Uly şäherlerde adam köp bolýar,
Köp bolýar yşyklar,
Hökman däl duýgy…
Wagt käte dertleriňe dep bolýar,
Gülkünç görünýär bu ýerde söýgi.
Akyp barýan sile dur diýen ýaly,
Bir adamy saklap, salgy sormaak.
Uly şäherlerde kir suwuň ýoly
Açyk ýaly…
Adaty zat: Hor bolmak…
Uly şäherlerde meseleler kän,
Wagt,
Ýer ýok sentimentalizime…
Adamlaň akymna barýan ýalysyň
Welin…
Käte ýöräp barýaň yzyňa…
Ýitirip orentir,Ýoldaşlaryňy,
Özüň ýitip gitseň käte ir bilen…
Uly şäherlerde adam köp bolýar,
Göýä olar bir- birini irizen…
Bu ýerde mähelläň eli jübsünde,
Belki ýarag bardyr, kim biler onda…
Bir adam görmersiň tutup jigsiniň,
Mekdebe äkidip barýan
Elinden…
Bizar bolmak moda ýaly hamana,
Bir- birege seretmeýär adamlar.
Göýä bärde üýtgän ýaly zamana,
Göýä bärden ýiten ýaly,adalga…
Bolsa bolsun,menem barýan köçeden,
Esentanyş ýaly, ýylgyryp hemmä…
Belki- de diýýändir olar içinden:
“Işsiz gezip ýören ,bir akmak, düňle”
“ Heý, nirä barýaňyz? Barmydyr aýbym,
Nansyz galan ejeňizi unudyp…”
Uly şäherlerde adam köp bolýar,
Gaçan ýaly bolýar…
Ähli umydyň…
Olar maňa ünsem berenok käte,
Käte biri, ýa ikisi geň bakýar.
“Wagty ýok adamzat” şeýlemi ýa- da…
Çalt geçip gitmekmi hyýaly hat- da…
Yzyna gaňrylyp kä daýym biri,
Belki- de hüňürdäp, belki düşünip.
Aýdaýasym gelýär: “ Heý men-ä däli,
Aslyňyza siz azajyk düşüniň…”
Aý bolýa- da dymdym,
Belki bularam gelende ýaňradyr,
Edil men ýaly…
Şu ýerde ýaşamak dert çökerýändir,
Olar hem bir mahal açyk dünýäli…
Ejeňi unutmak moda deý bärde…
Aýtmasam-a azar, aýtsam gep bolýar…
Pahyrlaryň özi bilýändirler-dä…
Uly şäherlerde adam köp bolýar…
S u d u r l a r
Şemal gorkup agaçlara bukuldy m
Oýnara gelende ýaprakla r ahat,
Itüzümleň gözýaşlary döküld i ndi gözbäbekler
Ýatan deý ýerd e daly gijeleň
Eşidilýär ah y myzganan güýzüň
Duýulýar derd i ndi sust sesinde
Ruhlar göýäk i mişleň ujunda sallanşyp durla r
Oýun y rgala n ahal deý kökle r uhlar bilen bile
Germelşip durlar r ebabyň
Küýsegi çekilýär dar a z galdy gyş bilen güýze wah
Ar a k bolmana
Taýýarlanşyp agaçlar r işdesin buluda ildirip baka
Gitmek üçin göge geremlşip durla r uhlar hem sudurlar
Ryzwan berişip bir birege
Siňip çyrmaşyp durla r ahatlyk ýene- de alýar kalbym y
Z goýupdyr sary köýnek tenind
e derini bilmeýän deý hamana a k kepene
girmejek bolýan ýal y mykly bir bire saralyp, aglap,
bir bolmaga juda öwrenşipdirle r eňk neýlesin häzir
ol ýok toprakd a gzyndan bal dökýän ýaly hamana
kakan sanajyn a rzuw deý ganat dakyp duran şol
gadymky sudrla r ahat- rahat maňa öwrenşip
durla… r…r…r sudurlar
MEN DÜNÝÄDE
“Men dünýäde öňem bardym ahyry,
Ýöne men öň ýokdum, seniň dünýäňde…”
Şahyryň setirlerine wariýasiýa.
Görsene muny…
Senden öň gelmäge endik edindim,
Dünýä däl- de duşuşyga giç agşam.
Meň dünýäde öňem barlygym bilip,
Hiç kimi söýmeýşiň…
Ýalňyz, “dynç alşyň”
Meni derde goýýar, goýýar ahyry…
Sen oýansaň, oýanyp dur ýüregim,
Sen durlansaň, dury…
Horlansaň- ejiz…
Beýle hala düşürişiň şahyry
Alymlar hem açyp bilenok heniz…
Men dünýäde öňem bardym- bilýäň sen-
-Ine,
Nýutonyň dartyş kanuny saňa…
Men yşgyň depderni görkezdim eltip,
Şo gün Nazar Gullaň ümsüm sapagna…
Men dünýäde öňem bardym, geldim iýr…
“Sen gelersiň” diýip, Gül bakjasyna.
Şo gün janym eltip berjekdim welin,
Nazar mollum gelmändir- dä sapaga…
Men dünýäde öňem bardym, bir salam
Iýberip ýörere sen ýakyn däldiň!
Gür çynaryň aşagynda dursamam…
Gelmediň:
“Men dünýä gelmelem däldim”
Men dünýäde öňem bardym…
“Sen gersiň,
Ýa- da meň barlygma baglarsyň bagy”…
Diýip…
Leksiýada surat çekipdim,
Hyrçyny dişledip, Nazar Gullanyň…
Ýogsa näme?
Seň gelerňe has iýrdi
Has soňlar soňlandy yşgyň hijrany…
Men dünýäde öňem bardym ahyry…
Söýýänimi ýalňyz goýaýar ýaly…
Beýle doň däldi meň uly ýüregim…
Hem perdesi üzük däldi dutarmyň…
Men dünýäde öňem bardym ahyry,
Höwürlidi,
Bilýärdim men, pudagym…
Men dünýäde öňem täsin nepesli,
Hem keşbi heserli garaşyp durdym…
Seni garşy almak bagty miýesser
Edeni
Maňa- da ýaraşyp durdy…
Men dünýäde öňem bardym ahyry,
Açmaga gelipdim, seniň ýollaryň.
Arzuw hyýallarda oturardym kän,
Leksiýasynam ýazman Nazar mollumyň…
Men dünýäde öňem bardym ahyry,
Kebelekli sähraň goltugna düşen,
Desmalyn gaçyran bulutlar kibi…
Hut saňa garaşyp, görünjek bolup,
Bäşlik gutarypdym, orta mekdebi.
Men dünýäde öňem bardym ahbetin,
Dartyşyp, hallary ökdeler bilen,
Hudaýyň syryna giripdim
Galam
Hemem goşgy ýazýan depderim bilen…
Men dünýäde öňem bardym ahyry,
Öň barlygym indi ötäýer ýaly…
Men dünýä gelmedim, ýöne keýpine,
Seni ýalňyz goýup, gidäýer ýaly…
OBA ETÝUDY
Daň düýbi çyzyldy, ümsümlik oba,
Guşlar gum- guklugyň hyýalna mündi.
Hem tamlaň ýanynda säginip ulag,
Ota- da gidenok aýallar indi.
Asmanyň ýüzünden süýrelýän misli,
Içi ak pagtaly halta- bulutlar.
Öý bikeleri deý taýýar zat iýip,
Indi pişiklerem ýalta bolupdyr.
Mal ýataklardan hem bir ses çykanok,
Gazyk çalşyp, zowzalardyk geçä biz.
Häzir ümsümligiň mukamy akýar:
Asudaja köp gatnawly köçämiz.
Sygyrlar örä- de gidenok indi,
Şowhunly daňdanlar ötäýen ýaly.
Peçlerden tüsseler çykanok indi,
Adamlar hut göçüp gidäýen ýaly.
Ýygym günlerinde iş has köp bolýar,
Belki olar gidendirler atyza.
Häzir asman- zemin arasyn ölçäp,
Derekler çyzgyç deý, durlar hatara.
Şemal yralanok ýaşyl baglary,
Şol müň ýylky oba, pelek gadymy.
Men bagra basýan- da ümsümlik bilen,
Açýan kildi gulplanmadyk gapyny…
… Hany meniň barlygymyň gözbaşy,
Daňdan ot satmaga ugraýan käbäm?
Ýa şoň ýoklugyna gyýylyp senem,
Sessizje otyrmyň mähriban obam?
“Geldiňmi?” diýýärmiň şahyr gyzyňa?
Sen näme üçin dymýaň, bir sözle ahyr.
Ýa geçen günleriň çöküp dyzyna,
Küýseýäni üçin müýnlimi şahyr?
Hiç tapmadym jogap, köne tanşym dek,
Imrindim obadan çykýan atyra.
Göýä ýaşlymyň ölçegi bolup,
Derekler çyzgyç deý durlar hatara…
Siren hem şemal
Gülgün duman göterlende giç öýlän,
Howlyň erňeklerne örülip şemal.
Göýä gyz näz edýär, gürleýär oglan:
Burugsaýan güle dirilik berýär…
Aýlanyp gelipmiş depe- dag- düzi,
Görmänmiş siren deý, bir näzli “ýary”.
Ýokmuş siren ýaly,
Başga hiç gülem,
Gülgün bug çykarýan hut siren ýaly…
Labzy şirin, barmaklary haýatda,
Güllere örülmiş gülgüne hünji.
Siren käte- käte uludan demin,
“Alyp burugsanda- duman narynjy…
Aýlanyp gapysyn, penjire, üçek,
Baryndanasoranmyş siren gülüni,
Hut häzirem tutdyraýsa, üm- düze,
Gitjekmiş ol al- asmanda bölünip…”
Şeýlebir owadan, şeýlebir nakys,
Şemalyň aýdymy ýa- da goşgusy…
Göýäki sireniň başynda nagyş
Dökülip dur gumak howla, “bus- busy…”
Giç öýläne çenli okady moral,
Şemal süýdün emdi narynç baglaryň,
Burugsan tüssesin başyna sorap,
Gitmek üçin bogup durka ýaglygyn…
Siren näziklikden akyp hut ýere,
Monjuk ýaly güller serdi etegne…
Şemal hyrkasyny süýräp büdredi,
Hyrkasynyň güli çümen etegne…
Narynç tüsse çykýar, göýäki halka,
Howlyň erňekleri egbardy şala,
Yzyndan “ylgaýar” siren gülleri
Hyrkasyndan gül dökülýän şemaly,
Indi giden wagty tanaýan ýaly…
Gitdi, gaýtalanmaz, gelmezem indi,
Yklymlarda oluk- oluk işi bar…
Sireniň gülünde gözýaş göründi…
Hyrkaň eteginden entegem güller,
Şo-ol dökülip barýar, dökülip barýar…
Mellegmiz
…şu ýerde oturardy ejem,
Elinde sapagy bardy,
Şu ýerde oturardy ejem,
Aglaýyp sogan bogýardy…
Bogmaly ýaş soganlary ýanynda,
Päkje,
Taýýardy…
Hiňlenerdi bir heň bilen,
Sözlerni eşdip bolmazdy…
…şu ýerde oturardy ejem,
…hiç ýöne geçip bolmazdy,
Sakga durman, hiç säginmän,
Diňlärdim oň owazyny…
Mellegmiz öz bir çetinde
Saklardy oň howasyny…
…Şu ýerde oturardy ejem,
Tüňçe ýaly düýrlener- de
Serederdi käte köçä,
“Kakamy gözläp…” meger-de…
…şu ýerde oturardy ejem,
Mal çil üstüniň topragynda…
Galdyryp horaz kekejin
oturardy gapdalynda.
Jüýjeler bozmazdy heňin…
Şu ýerde oturardy ejem,
Syzyp meger ýeriň tenin…
Gapdalynda tagarasy,
Gök otlar kuýaşlanardy…
Käte bir heň aýdýan ýaly,
Öz halyndan hoşlanardy…
Bozsaň hem uýat bolardy.
…şu ýerde oturardy ejem,
Jiglermiň seslerin diňläp…
Aýtmazdy hiç kime hijem,
Duýgular galdy meger-de
-öz ýüreginde “iriňläp…”
…şu ýerde oturardy ejem,
Synlaňda aýdym ýalydy.
Gapdalyndan geçip gitseň,
Bir zatlar aýdan ýalydy…
Zat diýmez, özüň bilersiň,
Hataňy hem ýalňyşlarňy…
…şu ýerde oturardy ejem,
Geçirip gazap gyşlarny…
Syzardy seň syzyşlarňy.
Bir göz aýlap serederdi,
Gözleriň gussa baglasa.
Ýüregiňde ýer ederdi,
seredişi assa- assa…
Soň: “Näme üçinkä? Diýerdik,
ejem mellekde aglasa…
…söhbet hem edip bilmedik,
Biz oň bilen aga- ýana…
Özi gaýta umyt bi:ýrdi:
Gapdalynda aglaýana…
Şu ýerde oturardy ejem:
“Mamamy ýatlap megerem…
…biziň howlymyz gözeldi,
gelerdi kä garry enem…”
Belki her zady içine,
Salyp ýatlardy geçeni…
Mellegiň hut şu ýerinde jaýlanlar ýaly ejemi…
…edil tamdyryň gory deý,
Her geçemde ýanýar içim:
“…şu ýerde oturardy ejem,
Şu ýerde oturardy ejem…”
…haly bardy bi-i-r mühteşem…