Sanly ugur boýunça, sanly ulgam boýunça Türkmen diýarymyzda alnyp barýan işler sanardan kändir. Çünki sanly ykdysadyýetiň wezipesi jemgyýetiň üpjünçiligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda dünýägaraýyşyň mümkinçiliklerini giňeltmek , ýagny durmuş keşplerini has täze, ösen ykdysady görnüşe geçirmek bilen şertlendirilýär.
Türkmen topragy nebitdir ,gaza, baý toprak. Her gysym gumundan altyn önýän bu toprakda ýaşap, özüňi şeýle ajaýyp watanyň baýrlygyna, bereketlilige guwanýan raýat duýmagyň özi bagtyýarlykdan nyşandyr.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi bilen bu ulgamda hem işler nowigasiýalaşdyryldy. Ýagny bu ugruň gelejekki nesillere has hem ösen islegli önümçilik ugry bolmagy üçin ony sanlaşdyrmak we halkymyzyň bähbidi üçin ýaşaýyş hem-de durmuş şertleri bilen özleşdirmek bu esasy maksatlaryň biri bolup durýar.
Sanly tehnologiýalar babatda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijelerini okadylýan dersler boýunça okuw maksatnamalaryny häzirki zaman tehnologiýalary bilen kämilleşdirmek meýilleşdirilýär.Dünýäde häzirki zaman hem-de geljekde döredilmegi meýilleşdirilýän bilim ulgamy üçin sanly tehnologiýasynyň çözgütlerini seljermegiň esasynda bilim ulgamynda okuw prosessini guramagyň sanly tehnologiýasyny işläp düzmek meýilleşdirilýär.
Sanlaşdyrmagyň ösen ugurlary boýunça edilýän işler bu günki gün san hem-de hil taýdan önümiň ugruny has-da ýokary götermek we ony durmuş maksatly işlerde ulanmak bolsa, sanly tehnologiýalar bilen ykdysady ugurlaryň bilelikdäki zähmetinde netijeli işler alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Işlenip düzülen robot nebitgaz geçirijileriniň, ýangyç-energetika pudagynyň turbageçirijileriniň we beýleki halk hojalyk önümçiliginiň turbagurluşyk işlerini kämilleşdirmek, optimizirlemek, tizlik we hil häsiýetnamasyny ýokarlandyrmak üçin peýdalanmakda oňat netijeliligi berer diýip tama edýäris.Işleriň ykdysady netijesi bilen sanlaşdyrylmagy häzirki zaman ösen döwletleriň ählisi üçin hem ýokary derejeli netijedir.
Sanlaşdyrylan täze, kuwwatly buraw desgalarynyň ulanylmagy, guýularyň birnäçesiniň ýüze çykarylmagy bilen sanly tehnologiýalar arkaly ony önümçilige goýbermek işleri bolsa, bu ulgamda öz esasy ugruny tapýar. Sanly ykdysadyýetiň ugurlary nebit we gaz ulgamynda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň döredijilikli işlemegine öz täsirini ýetirýär. Peýdaly taraplaryna ser salanyňda ykdysady ölçegleriň mümkinçiliklerine her bir adamyň häzirki döwürde dogry düşünmegini gazanmagy biziň zamanamyzyň esasy meselesine öwrüldi.Sowatly ýaşlary, döwrebap sanly dünýäniň üsti bilen durmuşda ornuňy gazanmak isleýän ýaşlaryň bu günki gün durmuş ýörelgesidir.Ýaşlary bolsa, sanly bilim dünýäsiniň ugry bilen kämilleşdirmek esasy wezipelerimiziň biridir.
Batyrow Amannazar,
Türkmen oba hojalyk institutynyň, Maglumat howpsuzlygynyñ menejmenti taýýarlyk ugrunyñ 1-nji ýyl talyby.