2011-nji ýylda BMG-niñ Baş assambleýasynyñ A/Res/66/149 belgili rezolýusiýasy esasynda,2012-nji ýyldan başlap bütin dünýäde daun sindromy bilen dünýä jemgyýetini ýakyndan tanyşdyrmak maksady bilen Her ýylyñ 21-nji martynda “Bütindünýä daun sindromly adamlaryñ güni” bellenilip geçilýär (World Down Syndrome Day).
Ilkinji gezek bu belli senäni belläp geçmekligi Ispaniýanyñ Palma de-Maýorka şäherinde geçen Bütindünýä daun assosiýasynyñ 6-njy halkara simpoziumynda karar edilýär.
Käbir alymlar tarapynda kesel däl-de, eýsem genetiki ýagdaý hasaplanýan bu sindrom, adamyñ öýjüklerindäki DNK-nyñ 21-nji hatarynda 2 hromosomanyñ ýerine 3 hromosomanyñ bolmagyndan ýüze çykýar. Şol sebäpli-de bu belli senäniñ 3-nji aýyñ 21-ne bellenilmegi simwoliki alamatdyr.
Bu sindrom hakynda ilkinji bolup 1866-njy ýylda Jon Lengdon Daun belläp geçýär. Emma bu sindrom hakda 1959-njy ýylda Žerom Ležen has takyk we giñişleýin işler geçirýär.
Bütindünýä saglyk guramasynyñ maglumatlaryna görä her 1000 doglan çagadan 1-i bu sindrom bilen dogulýar. Bu sindrom çaganyñ ene-atasynyñ saglygyna, ýaşaýyş derejesine, zyýanly endiklerine bagly bolmazdan islendik adamda bolup biler. Häzirki wagtda belli maglumatlara görä enäniñ ýaşynyñ ululygy bu sindroma getirip biler
Daun sindromly adamlaryñ esasy daşky aýratynlykary tekiz ýüz formasy, gysga bokurdak we gysga el-aýak we barmaklardyr. Bu sindromly adamlaryñ esasy bölegi pikirlenme we añ ösüşinde yza galsalar hem, gerekli bilim bilen wagtyñ geçmegi bilen adaty adamlar bilen deñ derejä, aña eýe bolup bilerler.
Akmyrat HAÝDAROW,
Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby