Türkmen edebiýatynyň şamçyragy, gündogar edebiýatynda özüniň öçmejek yzyny galdyran akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi örän giň hem-de baýdyr. Onuň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan setirleri çar ýana ýaýramagy bilen, dost-doganlyk halklary hem türkmen edebiýatyna uly sylag-hormat goýýarlar.
Dünýä döwletleri tarapyndan uly höwes we gyzyklanma bilen okalýan Pyragynyň döredijiligi we ýaşap geçen ömür ýoly, onuň şygyrlarynyň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin alymlar tarapyndan uly işler amala aşyrylýar. Şeýle hem şahyryň şygyrlarynyň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi Magtymguly ýaly beýik şahsyýetiň şygyrlaryndan, onuň düre barabar setirlerinden habarly bolmaklaryna ýardam edýär.
Akyldar şahyryň şygyrlarynyň üstünden näçe asyryň geçendigine garamazdan, özüniň gymmatyny ýitirenok. Häzirki wagtda ol şygyrlar ýaşlara watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, edep-terbiýe, ahlak sypatlaryny öwretmekde ägirt uly çeşme bolup durýar. Şeýle hem akyldar şahyryň baryp XVIII asyrda aýdan nesihatlary, beren öwüt-ündewleri, bugünki gün ýaşlara uly durmuş mekdebi bolmak bilen bir hatarda, türkmen atalar sözleridir nakyllarda özüniň mynasyp ornuny tapdy. Beýik söz ussadynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren şygyrlary many taýdan çuňlugy, pikir goýazylygy, ynsanperwer, ahlak ideýalary gozgaýanlygy bilen tapawutlanýar.
Onuň şygyr setirleriniň esasyny düzýän temalaryň aglaba bölegi türkmen halkynyň agzybirligi, jebisligi bolup durýar. Şeýle hem akyldar ynsan gatnaşyklarynyň has mäkäm bolmagyny, dost-doganlyk häsiýetleriniň belende galmagyny, ynsan ogluny bezeýän ahlaklylyk, ynsanperwerlik, kanagatlylyk ýaly sypatlaryň geljekki nesillerde bolmagyny isläpdir. Häzirki wagta Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sekiz asyrlap bir agza garaýan agzybir döwletiň arzuwynda gezen halkymyzyň her bir maksady myradyna gowuşýar. Beýik şahsyýetiň arzuw eýläp garaşan ajap eýýamynda bäş welaýat bäş dogan bolup bir suprada jemlenýär.
Söz usady Magtymguly Pyragynyň ” Häkim bolsaň halky Gün kibi çoýgul” diýen jümleleri baky bagtyýar halkymyzyň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, onuň dowamatyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda özüniň aýdyň mysalyny tapýar. Türkmen halkyna ajap eýýamy bagş eden, agzybir döwletiň arzuwynda gezen beýik akyldar Magtymguly Pyragyny tirsegine galdyran Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, işleri rowaç, belent başlary aman bolsun.
Synmaz bina bolmuş türkmen binasy,
Ata watan dillermiziň senasy,
Şanly günler ak ertirleň güwäsi,
Magtymgulyň arzuwlany bu Diyar,
Arkadag Serdarly ýaşlar bagtyýar.
Toýuny toýlaýar bu gün seneler,
Sözi akyl eleginde elenen,
Setirleri dür-merjene deňelen,
Magtymgulyň arzuwlany bu Diyar,
Arkadag Serdarly ýaşlar bagtyýar.
Nurgözel Ýazberdiýewa.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň talyby